Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtdaky korrupsiýany tassyklap ýene bir gezek çykyş eden mahaly, Aşgabadyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň käbir işgärleriniň ulag sürüjilerine “serhoş” diýip, töhmet atýandygy we olardan para soraýandygy barada Azatlyk Radiosyna habarlar gelip gowuşýar.
“Şeýle polisiýa işgärleriniň biri “Toyota Corolla” kysymly ulagy münýär. Onuň döwlet belgisi “1574 AG”. Bu polisiýa işgäri öz wezipesine guwanyp, parahorluk edýär. Ol köplenç Aşgabadyň Görogly köçesinde durýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy ulag sürüjileriniň ençemesine salgylanyp, gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda PÝGG-niň gürrüňi edilýän işgäriniň şahsyýeti we şahsy gulluk belgisi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Habarçynyň sözlerine görä, bu polisiýa işgäri ulag sürüjilerini saklap, olaryň resminamalaryny alýar we “ýör öňüme düş” diýip, olary çetki köçelere alyp gidýär.
“Ulag sürüjileriniň resminamalary düzüw bolsa-da, “Sen nireden gelýärsiňiz? Sen serhoş. Serhoş ýagdaýda ulag sürýäň” diýip, hiç hili subutnamasyz töhmet atýar, jüwülerini dökdürýär we para soraýar. Sürüjiler “Meni ekspertizadan geçir. Men alkogol içmedim” diýse-de, “Sen jerime tölegini bermeli” diýip, parany bermedik ulag eýelerine resminamalary yzyna bermeýär” diýip, habarçy aýtdy.
Mundanam başga, ol soňky günlerde PÝGG-niň işgärleriniň Orsýetde öndürilen awtoulaglary saklap, olary polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gidýändigini we ulag eýelerine 500 manat möçberinde pul jerimesini salýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
“Ýöne polisiýa işgärleri Orsýetde öndürilen ulaglaryň eýelerine näme üçin jerime salynýandygy barada düşündiriş bermeýärler” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Azatlyk Radiosyna bu barada PÝGG-niň paýtagtdaky edarasyndan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginden maglumat almak häzirlikçe başartmady.
Ýöne bu habar, welaýatlarda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ulag sürüjilerine anyk sebäbini düşündirmezden jerime ýazmaga başlandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna geldi.
14-nji dekabrda Azatlygyň ýygy-ýygydan welaýatlara sapar edýän aşgabatly habarçysy prezident Berdimuhamedowyň 4-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatyndan soň, welaýat häkimlerine regional býujetleri doldurmagyň tärlerini tapmak boýunça dilden görkezme berlendigini habar berdi.
Munuň bilen baglylykda, welaýatlarda polisiýa işgärleri ulag sürüjilerine anyk sebäbini düşündirmezden jerime ýazmaga başladylar. Şeýle-de, Salgyt gullugynyň işgärlerine salgyt töleýjilere jerime salmagyň ugurlaryny tapmak boýunça görkezme berildi diýip, habarçy aýtdy.
Şeýle-de, paýtagtda PÝGG-niň işgärleriniň ulag eýelerinden para alýandygy baradaky habarlar, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde ýurtda korrupsiýanyň üstüniň açylandygy barada habar berlip, prezident derejesinde hem tassyklanandan birnäçe gün soňa gabat geldi.
Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň maglumatlaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek hökümetiň ýokary gatlaklaryndaky korrupsiýany bölekleýin boýun aldy.
Halkara guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäde korrupsiýa görkezijileri boýunça iň ýaramaz döwletleriň hatarynda agzalyp, ýurtda parahorlugyň çagalar baglaryndan iň ýokary derejelere çenli giň ýaýrandygy aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.