Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytçylygy dowam edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl baýramy mynasybetli bazarlary ilatyň “isleg bildirýän harytlary” bilen doldurmagy tabşyrandygyna garamazdan, Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytçylygy dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň bazarlarynda we hususy eýeçilikdäki dükanlarynda ýumurtganyň gytçylygy dowam edýän mahaly, onuň bahasynyň hem tas iki esse ýokarlanandygyny aýtdy.

“Bir ýumurtganyň bahasy 1 manat 50 teňňä ýetdi. Ony diňe şäheriň “Hitrowka” ýaly çetki etrapçalarynda satyn alsa bolýar. Ýöne ol hem aňsatlyk bilen tapdyrmaýar. Geçen hepde döwlet eýeçiligindäki dükanlarda ýumurtga 67-70 teňňe aralygynda çäkli möçberde satylýardy” diýip, habarçy 10-njy dekabrda gürrüň berdi.

4-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýumurtganyň diňe döwlet eýeçiligindäki dükanlarda irden sagat 6:30-da her adama 1 guty (30 ýumurtga) satuwa çykarylýandygyny, ýöne onuň hem ýarym sagatda satylyp gutarýandygyny habar beripdi.

Habarçy indi üç gün bäri döwlet dükanlarynda hem ýumurtganyň satuwa çykarylmaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol soňky dört-bäş günüň dowamynda paýtagtyň bazarlarynda badamjanyň hem gytçylygynyň emele gelendigini we munuň bilen bir hatarda onuň bahasynyň hem gymmatlaýandygyny belledi.

“Tomus aýlarynda 1,5-2 manatdan satylan baklajanyň 1 kilogramy oktýabryň ortalarynda 5-7 manada ýetdi. Soňky dört günüň dowamynda ol bazarlaryň we dükanlaryň söwda tekjelerinden ýitirim boldy. Bazardaky satyjylar onuň çäkli möçberde bardygyny aýdyp, söwda tekjeleriniň arkasynda gizlenen baklajany çykarýarlar. Saýlanyp alnan baklajanyň 1 kilogramy 20 manada, saýlanman alnan baklajanyň 1 kilogramy 16-17 manada barabar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Mundanam başga, paýtagtyň il içinde “Mir” bazary ady bilen tanalýan “Älemgoşar” bazarynda etiň bahasy hem gymmatlady. Öň etiň öýken ýa-da süňkliräk bölekleriniň 1 kilogramy 18-20 manatdan satylan bolsa, soňky üç günüň dowamynda onuň bahasy 25-28 manada ýokarlandy.

Aýdylmagyna görä, geçen hepde gyt haryda öwrülen bolgar burçy hem bazar tekjelerinde o diýen tapdyrmaýar. Ony diňe käbir söwdegärler özleriniň bazar tekjeleriniň arka tarapynda goýup satýarlar. Geçen hepde ýerli we daşary ýurtlardan getirilen bolgar burçlarynyň bahasy hem ortaça dört esse gymmatlady.

Galyberse-de, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy ilatyň gündelik durmuşda sarp edýän esasy harytlarynyň käbiriniň häzirki bahasy barada maglumat berdi. Paýtagtyň “Älemgoşar” bazarynda:

  • Orsýetden we Gazagystandan getirilen unuň 1 kilogramynyň bahasy 10-12 manat
  • Tamdyr çöregi 3-5 manat
  • Daşary ýurtlardan getirilen ösümlik ýagynyň 1 litri 13 manat
  • Almanyň 1 kilogramy 6-11 manat
  • Ýerli tüwiniň 1 kilogramy 15-22 manat
  • Soganyň 1 kilogramy 3-4 manat
  • Kartoşkanyň 1 kilogramy 7-12 manat
  • Pomidoryň 1 kilogramy 6-8 manat
  • Hyýaryň 1 kilogramy 8-10 manat

Satyjylar bu harytlaryň gytçylygynyň we gymmatçylygynyň sebäplerini olaryň özlerine hem ýeterlik mukdarda getirilmezligi we bahasynyň öňküsinden ýokary bolmagy bilen düşündirýärler.

Azatlyk Radiosyna paýtagtyň bazarlarynda emele gelen azyk harytlarynyň gytçylygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginden haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady.

Türkmenistanda un, çörek, ösümlik ýagy we şeker ýaly azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Geçen hepde Azatlygyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndaky habarçylary bazarlarda azyk harytlarynyň bahasynyň her iki hepde-de ortaça 1 manat ýokarlanýandygyny habar berdiler.

Paýtagtda we ýurduň welaýatlarynda emele gelen soňky azyk gytçylygy we gymmatçylygy, soňky günlerde geçirilen hökümet ýygnaklarynda “içerki bazarlaryň haryt üpjünçiligine” ünsi çekýän meseleleriň döwlet baştutany derejesinde birnäçe gezek gozgalan mahalyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG