Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň käbir etraplaryna gelen sil suwlary ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi; Aşgabatda güýçli ýagyn dowam edýär


Aşgabada güýçli ýagyş ýagdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:11 0:00

Aşgabada güýçli ýagyş ýagdy

21-nji maýda irden, gün doganda Ahal welaýatynda güýçli ýagyş ýagyp başlady. Munuň netijesinde welaýatyň ençeme etrabyna sil suwlary gelip, ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi. 22-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:30-da Aşgabatda güýçli ýagşyň ýagmagy dowam edýär.

“Sişenbe güni Köpetdagyň dag gerişlerinden Arçmana tarap, şol sanda Bäherden etrabynyň Garawul obasyna çabgaly sil suwlary geldi. Ýollaryň käbir böleklerini sil suwlary ýumurdy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 22-nji maýda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, çabgaly sil suwlary oba-hojalyk meýdanlaryna hem zyýan ýetirip, ençeme ekin meýdanyny suw basdy.

“Kartoşka, pomidor we beýleki oba-hojalyk önümleri ekilen meýdanlara sil geldi. Bu meýdanlardan hasyl alyp boljakdygy ýa-da bolmajakdygy sorag astynda galýar” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol Aşgabat şäherinde güýçli ýagşyň 22-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 16:30-da hem dowam edýändigini, häzirki wagt Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň köçeleri ýagyş suwlaryndan arassalamak boýunça işjeň iş alyp barýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

"Jemagat hojalygy ministrligine degişli edara-kärhanalar köçede üýşýän ýagyş suwlaryny arassalamak üçin barha köp adamy işe çekýärler. Işgärleriň käbiri sübseli, käbiri plastikadan ýasalan sübseler bilen köçeleri ýagyş suwlaryndan arassalaýarlar" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda indi mart aýynyň ortalaryndan bäri Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde çabgaly ýagyşlar we güýçli tupan wagtal-wagtal dowam edýär.

Munuň netijesinde agzalýan welaýatlaryň ençeme obadyr etrabyna we Aşgabat şäherine sil suwlary gelip, köçelere, ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere zyýan ýetirdi.

15-nji maýda Aşgabatda güýçli ýel turup, soňra ýagyş ýagdy. Munuň netijesinde paýtagtyň köçelerindäki wagtlaýyn gurnalan käbir söwda nokatlary we seýilgählerdäki agaçlar ýumruldy.

Aşgabatda 19-njy aprelde ýagan güýçli ýagşyň netijesinde şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele gelipdi.

Aşgabatlylar tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:16 0:00

13-nji aprelde türkmen paýtagtyna güýçli sil gelipdi. Şonda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary paýtagtda dowamly ýagan ýagyşlaryň netijesinde dörän sil suwlarynyň köçeleri basandygyny, jaýlara we ýerzeminlere zyýan ýetirendigini habar berdi.

Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine gelen silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetipdi.

Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.

Resmi metbugat siliň gelmegi, çabgaly ýagyşlar we onuň netijeleri barada hiç hili maglumat bermän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG