Human Rights Watch guramasy Türkmenistanyň türmelerinde eýýäm ömrüniň 15 ýylyny geçiren dissident Gulgeldi Annanyýazowyň çekýän jebir-süteminiň soňuna çykmak üçin herekete geçmäge çagyrýar.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän gurama munuň üçin Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we hökümetleriň türkmen häkimiýetlerine çagyryş etmelidigini belleýär.
Guramanyň 13-nji maýda ýaýradan beýanatynda Annanyýazowyň uzak wagt bäri dowam edýän türme tussaglygynyň şu ýyl tamamlanmagyna garaşylandygy, ýöne bilelikdäki halkara hereketleri bolmasa, onuň jebir-süteminiň dowam etjekdigi aýdylýar.
“Türkmenistanly dissident demokratik saýlawlaryň geçirilmegini talap edip, şeýle-de ykdysady kynçylyklara protest bildirip, 1995-nji ýylda Aşgabatda parahatçylykly demonstrasiýany guramalaşdyrmaga kömek edendigi üçin tussag edilipdi. Polisiýa protesti duruzdy, sebäbi Türkmenistan başga pikirdäkilere çydamlylyk görkezmeýär – bu şu günki gün hem saklanyp galýar. Annanyýazowa 15 ýyl kesilipdi” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Aýdylmagyna görä, ol dört ýyl tussaglykda oturandan soňra, onuň günäsi geçilýär. Annanyýazow ençeme ýyl yzygiderli gözegçilik astynda ýaşandan soňra, 2002-nji ýylda galp pasport bilen Gazagystana gidýär we bu ýerde tussag edilýär.
HRW guramasynyň we daşary ýurt hökümetleriniň çagyryşlary esasynda Gazagystan Annanyýazowy azatlyga goýberipdi. 2002-nji ýylda Annanyýazow we onuň aýaly hem-de ogly Norwegiýada bosgunlyk statusyny aldy we bu ýerde ýerleşdi diýlip, maglumatda aýdylýar.
"Türkmenistanyň awtokratik ilkinji prezidenti aradan çykandan bir ýyl gowrak wagt soň, 2008-nji ýylda Annanyýazow Aşgabada dolanýar we şondan gysga wagt soň tussag edilýär. Polisiýa Annanyýazowyň maşgalasyna onuň nirä alnyp gidilendigi, oňa nähili aýyplamalaryň bildirilýändigi, sud diňlenişigi, tussaglygy ýa-da onuň nirededigi barada resmi maglumat bermedi” diýlip, beýanatda bellenilýär.
Beýanatda aýdylmagyna görä, Annanyýazow Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilmeleriň bes edilmegi ugrundaky “Olary diri görkeziň” atly kampaniýada hem ýerleşdirildi. Ynamdar maglumatlarda Annanyýazowyň ýakasyny tanadan Owadandepe türmesinde hem birnäçe wagt saklanandygy aýdylýar.
“2015-nji ýylda türkmen resmileri Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşine Annanyýazowyň serhetden bikanun geçmekde we resminama ogurlygynda günäli tapylyp, onuň 11 ýyl türme tussaglygyny berjaý edýändigini aýtdylar. Bu onuň tussaglyk möhletiniň 2019-njy ýylda tamamlanmalydygyny aňladýar” diýlip, beýanatda nygtalýar.
Şeýle-de, onda syýasy sud işlerinde köplenç ýüze çykyşy ýaly adamyň tussaglyk möhletini uzaltmak üçin oňa garşy täze aýyplamalaryň bildirilýändigi hem bellenilýär.
“Türkmen häkimiýetleri Annanyýazowyň tussaglygynyň tamamlanmagy golaýlanda, onuň tussaglyk möhletini ýene bäş ýyla uzaltdylar. Biz munuň sebäplerini bilmeýäris. “Olary diri görkeziň” kampaniýasy onuň Hazaryň kenaryndaky Garabogaz, ozalky Bekdaş şäherinde saklanýandygyny öwrendi” diýlip, HRW guramasynyň beýanatynda aýdylýar.
Beýanatyň soňunda Annanyýazowyň türkmen türmelerinde eýýäm ömrüniň 15 ýylyny geçirendigine üns çekilip, “besdir indi - bes” diýilýär.
“2002-nji ýylda onuň adyndan üstünlikli çykyş eden Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we hökümetler herekete geçip, Annanyýazowyň azatlyga goýberilmegi, Norwegiýa dolanmagyna rugsat berilmegi we aýylganç hem-de adalatsyz jebir-süteminiň soňuna çykylmagy üçin türkmen hökümetine çagyryş etmelidir” diýlip, beýanatda nygtalýar.
Gulgeldi Annanyýazow ilkinji gezek 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan protest aksiýasy sebäpli tussag edilip, bu işiň çäginde dürli möhletlerde ýyl kesilen 30-a ýakyn protestçiniň arasynda 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 1999-njy ýylda onuň günäsi geçilipdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.