Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilata tebigy gazy rugsatsyz ulanmagy gadagan edýän ‘Gadagannama’ peýda boldy


Aşgabatda ýaşaýjylaryň tebigy gaz geçirijilerinden rugsatsyz turbalary çekmegini we ulanmagyny gadagan edýän “Gadagannama” atly resminama peýda boldy.

Bu “Gadagannama” “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasy tarapyndan çykarylyp, şu günler bu edaranyň işgärleri öýme-öý aýlanýarlar we ýaşaýjylardan bu resminama gol goýmagy talap edýärler.

“Gadagannamada” “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň rugsady bolmazdan, buhary peçi, gazyň ýanýan ýerini, ýagny gorelkasyny, şeýle-de gaz suw gyzdyryjysyny we gaz ojagyny ulanmak gadagan edilýär.

Şeýle-de, resminamada “şertleriň we howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy” ýatladylyp, tebigy gazdan rugsatsyz peýdalanylanda, onuň netijeleri barada duýduryş berilýär.

“Içgi gaz geçirijiler we enjamlar gullugy şu (häzirki) gaz enjamyny ulanmaklygy size GADAGAN edýär, özbaşdak birikdirilen ýagdaýynda, gaz ulanmakdan mahrum edilersiňiz” diýlip, “Gadagannamada” aýdylýar.

Mundanam başga, öýlere aýlanýan “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň wekilleri ýaşaýjylara bu gadagançylyk bozulsa, onda olara uly göwrümde pul jerimesiniň hem salynjakdygyny duýdurýarlar. Ýöne jerimäniň takyk möçberini aýdyňlaşdyrmaýarlar.

27-nji maýda bir nusgasy Azatlyk Radiosyna gelip gowşan bu resminama türkmen häkimiýetleri tarapyndan “Gadagannama” ady bilen çykarylan ilkinji resmi duýduryş ýaly bolup görünýär.

Bu “Gadagannamanyň” sebäpleri barada “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň wekilleri tarapyndan ýaşaýjylara düşündiriş berilmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we ýerli ýaşaýjylarynyň ençemesi Türkmenistanda tebigy gaz tölegli edilenden soňra, türkmen häkimiýetleriniň ilatyň gazy özbaşdak, ýagny gaz hasaplaýjylaryna birikdirmezden ulanmagyndan alada edýändigini aýdýar.

“Kwartiralarda tebigy gazy özbaşdak ulanmak mümkin däl. Ýöne howly jaýlarda bu mümkin. Mundan öň, haçan-da gaz mugt bolanda, teplisasy bolan hojalyklar goşmaça gaz çekeni üçin töleg tölemelidi. Häzir häkimiýetler adamlaryň köpüsiniň gazy bikanun çekip, ogurlamagyndan gorkaýana çalym edýär” diýip, anonim şertde maglumat beren aşgabatly habarçy 27-nji maýda gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt we ýeňillikli berlen gazy, togy, suwy we beýleki hyzmatlary tölegli etdi. Bu baradaky karara türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda gol goýupdy.

Şondan soň Aşgabatda we welaýatlarda ýaşaýyş jaýlaryna gaz we suw ölçeýji gurallary oturtmak çäresi oktýabr we noýabr aýlarynda güýçli depginde alnyp baryldy.

Şu ýylyň başyndan başlap ýurduň gazetlerinde elektrik energiýasy, gaz we suw üçin tölegleri öz wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň bu hyzmatlarynyň kesiljekdigi baradaky bildirişler hem çap edildi.

Şol bir wagtyň özünde, fewral we mart aýlarynda Aşgabatda ýaşaýjylaryň gazyň, elektrik togunyň we suwuň mugt döwründe sarp eden serişdeleri üçin ýokarlandyrylan, täze nyrhlarda töleg tölemäge mejbur edilýändigi hem habar berildi.

Şeýle-de, 2019-njy ýanwaryndan başlap Aşgabadyň häkimiýetleri tarapyndan ýaşaýyş jaýlaryndaky gaz desgalarynyň guratlygyny kesgitlemek boýunça geçirilýän barlaglaryň bahasy iki esse gymmatlap, 5 manat 32 teňňeden 11 manat 62 teňňä barabar edildi.

Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagy, ýurtda indi iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda günübirin ulanylýan azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýän mahalynda amala aşdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär. Şeýle-de, hasabatda hökümetiň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG