Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hususy eýeçilikdäki taksileri saklap, olara pul jerimesini salmak çäresi dowam edýän mahalynda, käbir sürüjiler polisiýa işgärleri bilen “ylalaşmak” arkaly bu ýagdaýdan çykalga tapmaga synanyşýarlar.
Türkmenistanda II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümi bellenilen mahalynda, Aşgabadyň Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleriniň zenan işgärleri köçeleri süpürip, ýoluň ýakasyndaky haşal otlary arassalamaga mejbur edildi.
Şu ýyl Türkmenistanda Oraza aýynda agyz bekleýän adamlara has az duş gelse bolýandygyny, muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we adamlaryň arasynda “ekstremizde aýyplanmak gorkularynyň” sebäp bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.
Türkmenistan intellektual eýeçilik hukuklary boýunça Birleşen Ştatlaryň Söwda wekili edarasynyň “gözegçilik astyndaky ýurtlarynyň” sanawynda saklanyp galýar.
Türkmenistanda atymlyk çaýyň hiliniň juda ýaramazlaşandygyny, şol bir wagtda, onuň bahasynyň ýokarlanýandygyny Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabat şäherinde býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň studentleri, mekdep okuwçylary we ýaşulular ýurduň döwlet telekanallaryna surata almak üçin geçirilen Ýeňiş güni dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy.
Deli şäheriniň aeroportunda dördüsi Türkmenistanyň raýaty, jemi bäş ýolagçy bahasy ortaça 288 müň 140 amerikan dollary möçberindäki gyzyly bikanun ýollar bilen Hindistanyň çägine saljak bolanda, gümrük resmileri tarapyndan tussag edildi.
Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasynda saglyk barlagyndan geçýän näsaglaryň ganynda näbelli wirusyň bar bolmagy mümkin diýlip, olary gaýtadan barlagdan geçmäge ýa-da para bermäge mejbur edýärler diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan aýtdy.
Şu günler Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Bu waka Aşgabadyň aeroportunda türkmenistanlylaryň ýurduň daşyna goýberilmeýändigi barada gaýtadan habarlaryň peýda bolup başlamagynyň yzýanyna gabat geldi
Aşgabadyň aeroportunda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçarlarynda sapar edýän ýolagçylaryň goşlarynyň ogurlanmagy ýa-da ýitmegi bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary aýdýarlar.
Türkmenistanyň harby wekillikleriniň goşun gullugyna alynmaly ýaşlaryň garşysyna çärelerini güýçlendirip, olaryň 27 ýaşyň aşagyndaky oglanlary “awlaýandygy” barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine we onuň etegindäki obadyr etraplara gelen sil suwlarynyň ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylaryndan maglumatlaryň gelmegi dowam edýär.
Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky kärendeçiler özleriniň ýüpek gurçugyny ýetişdirmäge mejbur edilýändiklerini, mundan ýüz öwrenlere kärende ýerleriniň elinden alynjakdygy barada haýbat atylýandygyny aýdýarlar.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki bankomatlarda nagt pul tapdyrmaýar, edara-kärhanalaryň işgärleri plastik bank kartlaryna iberilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler.
Murgap derýasynyň ýokary böleginde, şol sanda türkmen böleginde güýçli ýagyşlar ýagýar. Bu territoriýa sil gelmek howpuny abandyrýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasy dowam edýän mahalynda, iki ýurduň resmileri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça duşuşygy we bilelikdäki biznes forumyny geçirmegi planlaşdyrýarlar.
Aşgabatda anna güni ýagan güýçli ýagşyň netijesinde paýtagtyň ençeme köçesine zeper ýetip, şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele geldi.
Aşgabat şäherinde agyz suwuny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary we hyzmatlary sanly ulgama geçirmek planlaşdyrylýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler.
Aşgabadyň polisiýa işgärleriniň hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjileri saklap, olara jerime salmak çäresi güýçli depginde dowam edýär. Bu çäräniň fonunda, döwlet taksileriniň bahasy telim esse gymmatlady.
Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň fonunda ýurdy terk edip, eklenç gözleginde daşary döwletlere gidýän raýatlar barada Azatlyk Radiosyna has köp maglumatlar gelip gowuşýar.
Ýene-de ýükle