Türkmen tebigy gazyny Orsýete akdyryp başlamak barada ylalaşyga gelnendigini Orsýetiň prezidenti Medwedewiň metbugat sekretary žurnalistlere aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti hem hökümet agzalary 1948-nji ýylda bolup geçen ýer titremäniň pidalarynyň hormatyna gurlan ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda Hazaryň howpsuzlygy meselesini gozgady.
Türkmenistanyň gündogaryndan Hytaýa gaz akdyrmaly gaz turbasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýändigini yglan edildi.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Ylym we bilim täze galkynyş eýýamynda” at bilen Halkara ylmy konferensiýa hem-de halkara sergi öz işine başlady.
ÝHHG Türkmenistanda maşgala zorlugynyň meseleleri boýunça işlejek gyzgyn telefon liniýasyny ýola goýdy.
Ýewropanyň uly maliýe guramasynyň delegasiýasy Türkmenistana sapara baryp, ýurduň dürli edaralarynda kabul edildi diýlip habar berilýär.
29-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, hukuk goraýjy gurluşlaryň işinde maglumat üpjünçiligi birinji derejeli möhüm mesele boldy.
27-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň halkara söwda we inwestisiýalar boýunça ýörite wekili, korolewa Elizaweta ikinjiniň ogly, şazada Endrýu Gersog Ýorkskini kabul etdi.
Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, Türkmenistanyň Gyzyl haç we gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öňki başlygy, Şwesiýada emirgasiýada ýaşaýan Aýgül Täjiýewa 65 ýaşynyň içinde aradan çykdy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen 15-nji iýulda Azerbeýjanyň paýtagty Bakuwa Türkmenistanyň delegasiýasy geldi.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli delegasiýasy türkmen paýtagty Aşgabatda boldy. Delegasiýa Eýranyň Nebit ministriniň geňeşçisi Saýed Reza Kesaizada baştutanlyk etdi.