Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete gazyň eksporty täzeden başlanar


Russiýanyň premýer ministriniň birinji orunbasary Wiktor Zubkow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde) türkmen-rus hökümetara komissiýasynyň duşuşygynyň ahyrynda ylalaşyklara gol çekişýärler, 8-nji oktýabr, 2009 ý.
Russiýanyň premýer ministriniň birinji orunbasary Wiktor Zubkow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow (çepde) türkmen-rus hökümetara komissiýasynyň duşuşygynyň ahyrynda ylalaşyklara gol çekişýärler, 8-nji oktýabr, 2009 ý.

Şu ýylyň aprel aýynyň başynda türkmen gazyny Orsýete akdyrýan “Merkezi Aziýa-Sentr” turbasynda bolan partlamadan soň, mawy ýangyjyň demirgazyk akymy kesildi. Şondan bäri geçen döwür içindäki uly arakesmäniň Türkmenistanyň býudjetine her aýda bir milliard dollar zyýan getirendigini analitikler belleýärler.

Ine, indi Türkmenistan bilen Orsýet arasynda gaz söwdasynyň ýakyn wagtlarda başlanjakdygy barasynda habarlar peýda boldy.

Eger türkmen gazynyň Orsýete tarap eksporty başlansa, ol haýsy tarap üçin bähbitli, ol haçan başlanar, satyljak gazyň müň kubometriniň bahasy näçe bolar?

Türkmen gazyny Orsýete akdyryp başlamak barada ylalaşyga gelnendigini Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň metbugat sekretary Natalýa Timokowa hepdäniň üçünji güni žurnalistlere aýtdy.

“Orsýet prezidentiniň sentýabr aýynda Türkmenistana eden wiziti döwründe Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň gepleşikleriniň netijesinde gaz akdyryp başlamak mümkin boldy” – diýip, N.Timakowa belledi.

Onuň sözlerine görä, gaz akdyrmak barasynda syýasy ylalaşyk gazanylypdyr, indi esasy partnýor hökmünde “Gazprom” şol syýasy ylalaşygy resmileşdirýär.

Gazyň Orsýete eksporty haçan başlanar?

“Kommersant” gazeti 6-njy oktýabrdaky sanynda, “Garaşylyşy ýaly, “Gazprom” türkmen gazyny “Türkmengazdan” 1-nji noýabra çenli alyp başlar. Şu ýylyň ahyryna çenli beriljek gazyň möçberi baha meselesinde taraplaryň geljek ylalaşygyna bagly bolar. Ekspertler şol göwrümiň 10 milliard kubometr hem her müň kubometr gazyň bahasy 200 dollardan gymmat bolmaz diýip hasap edýärler” diýip ýazýar.

Türkmenistanly nebit-gaz ugrundan bilermen Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Häzir Türkmenistan üçin alyjy bilen ylalaşylan islendik bahadan gaz satmak peýdaly. Köp zat gazyň özüne düşýän gymmatyna bagly. Türkmenistan, birinjiden, gazyny öz serhedinde satýar, ikinjiden, türkmen gazynyň haryt görnüşinde serhede getirilýänçä özüne düşýän gymmaty juda pes, bu bolsa ýurda geljek girdejiniň uly boljakdygyny aňladýar”.

Onuň sözlerine görä, häzirki gürrüňi edilýän 200 dollar şu günki günüň şertlerine we dünýäde nebitiň bahasyna görä, kabul ederlik bahadyr.

“Analitikler, ”Moskwa bilen Aşgabat arasynda dowam eden bir aýlyk gepleşiklerde Orsýet ýeňiji boldy” diýen netijä geldiler. Londonda ýerleşýän “Ýewraziýa konsalting” toparynyň wekili Ana Helenkowik Türkmenistan bilen energiýa dawasynda Orsýetiň ýeňiji bolandygy baradaky pikir bilen ylalaşýar” diýip, Frans-Press (AFP) agentligi ýazýar.

“Orsýet ýeňiji diýmek kyn”

Moskwadaky Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy intitutynyň eksperti Andreý Groziniň pikiriçe, “Anyk Orsýet ýeňiji boldy” diýmek kyn.

“Uzaga çeken arakesmede “Gazprom” maliýe taýdan taktik hereketinde utuş gazandy. Merkezi Aziýadan alýan gazynyň hasabyna öz ýataklaryndan çykarýan ýangyjynyň möçberini azaltdy. Umuman alnanda, taraplaryň ikisi-de mundan uly zyýan çekdi. Orsýet öz ykdysady bähbitlerini goraýandygyny arakesme wagty Türkmenistana görkezdi. Bu hereketi Türkmenistanam köp wagtlap ýatdan çykarmasa gerek” diýip, analitik aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Moskwa-da Türkmenistandan isleýän zadyna – öz täsirini güýçlendirmek islegine eýe bolup bilmedi. Şonuň üçin iki aradaky dartgynlylyk uzaga çeker. Doly bahaly gatnaşyklaryň haçan kadalaşjagy belldi däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň analitigi Brýus Paniýer bu soraga anyk jogap bermegiň kyndygyny, çünki täze ylalaşygyň şertleriniň hem “Gazpromyň” näçe töleg etjeginiň häzirlikçe belli däldigini, şonuň üçin Moskwa utuş gazandy diýmegiň çetindigini, muňa garamazdan, “Gazpromyň” Türkmenistan üçin ýeke-täk çykalga däldigini, onda täze mümkinçilikleriň artýandygyny aýtdy.

“Geljek ýyl Orsýet Türkmenistandan 30% töweregi gazy kem alar” diýip, hepdäniň üçünji güni analitikler aýtdylar. WTB inwestisiýa topary mundan öň indiki ýyl Orsýetiň Türkmenistandan aljak gazynyň 10-13 milliard kubometr töwereginde boljakdygyny aýdypdy” diýip, Frans-Press (AFP) agentligi ýazýar.

Türkmenistanly ekspert: “Häzirki söwda baha bermek üçin ýyly dört çärýege bölüň, eger şu ýylyň ahyryna çenli Orsýet 10 milliard kubomatr gaz aljak bolsa, ol bir ýyldaky göwrümiň 40 milliard kubometr boljakdygyny aňladar” diýdi.

Gaz alyp başlamak häzir Orsýete näme üçin gerek?

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitik Andreý Groziniň pikiriçe, bu işde esasy kesgitleýji meseläniň syýasy tarapydyr.

“Türkmen tarapynyň Orsýetden sowa gaz akdyrmak baradaky çykyşlaryna Kreml reaksiýa bildirmedi, ýöne hereketleri bilen ony äşgär etdi. Indi gazy ýaňadan alyp başlamakçy. Eger gyş gazaply gelse, gaza isleg artar, şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň arada ýitiren möçberini satyp bilmegi, çeken zyýanynyň öwezini belli bir derejede ödemegi mümkin” diýip, Grozin aýtdy.

“Frans-Press” agentliginiň gürrüňdeş bolan analitigi-de howa şertleriniň bu söwda öz täsirini ýetirjekdigi baradaky pikir bilen ylalaşýar.
Gazprom türkmen gazyny alyp başlamaga mejbur boldy.


Türkmenistanly nebit-gaz ugrundan ekspert: “Türkmenistan bilen baglaşan uzak wagtlyk gaz kontraktyny saklamak hem Ýewropa ýurtlary bilen şertnamalaryny ýerine ýetirmek üçin Gazprom türkmen gazyny alyp başlamaga mejbur boldy” diýdi.

Haýsy aýdan, haýsy günden demirgazyk ugra türkmen gazynyň akyp başlajakdygy barasynda Gazpromdanam, türkmen tarapyndanam maglumat ýa kommentariý ýok. Ýöne Türkmengeologiýa döwlet konserniniň başlygy Töre Ýagşymyradow şu aýyň ahyryna çenli gazyň akyp başlajagyna Türkmenistanyň umyt baglaýandygyny Roýters agentligine aýtdy.

Goşmaça maglumat: 2008-nji ýylda türkmen gazynyň müň kubometri üçin ortaça baha 140 dollar, üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 373,5 dollar bolupdyr. Bu barasynda “Kommersant” gazeti, “Gazproma” salgylanyp, şu günki sanynda ýazdy.
XS
SM
MD
LG