Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýa gaz akmaly, türkmen işçileri nägile


Türkmen häkimiýetleri soňky hökümet maslahatynda üstümizdäki ýylyň 15-nji dekabrynda gündogar Türkmenistandan, Amyderýanyň sag kenaryndan gözbaş alyp, Hytaýa gaz akdyrmaly gaz turbasynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýändigini yglan etdiler.

Gaz eksportynyň köp ugurlylygy boýunça türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň ilkinji netijeleriniň biri boljak bu dabara kölege salmagy mümkin käbir ýagdaýlaryň bardygy dogrusynda Türkmenistandan habarlar gelip gowuşýar.

Türkmenistan garaşsyzlygyna eýe bolansoň, daşary ýurt kompaniýalary, hususan-da türk hem fransuz kompaniýalary, Türkmenistana gelip, dürli obýektleri bina edip ugradylar. Şol gurluşyklarda daşardan gelenler bilen birlikde ýerli ilatdanam işe durdular.

Kadaly ýurtlarda hökümet ozaly bilen öz halkynyň iş bilen üpjünçiligine, eden işi üçin olara degerli hak tölenmegine, olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýär.

Aýlyk haklaryň deňsizligi

Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalaryndan başlap, Türkmenistanyň dürli regionlarynda gurluşyk edýän türk hem beýleki daşary ýurt kompaniýalary özleri bilen öz ýurdundan getiren işçilerine ýerli ilat bilen deňeşdirilende birnäçe esse köp hak töleýärdi.

“Bu bu bolsa türkmenistanly zähmetkeşlerde tebigy nägilelik döredýärdi. Samandepede bolan waka bu meselede birinji hadysa däl, şeýle wakalar ýerli işçiler bilen türkleriň arasynda başga ýerlerde, şol sanda Daşoguzda-da bolupdyr” diýip Tuhbatullin aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy daşary ýurtlardan gelýänleriň özlerini ýokary hünärli spesialist hasaplaýandyklaryny, Türkmenistanda uly gurluşyk kompaniýalary bolmansoň, gurluşyk kontraktlaryny esasan daşary ýurtlularyň ýerine ýetirýändiklerini, şu ýagdaýyň hem işsizlikden kösenýän ýerli ilatdan özlerini ýokary tutmaga olara mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Türkmen we hytaý işçileriniň çaknyşygy

Türkmenistandan ynamdar çeşmäniň beren maglumatyna görä, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň gurluşygynda türkmenistanlylar bilen hytaýlylaryň arasynda çaknyşyk bolupdyr.

Iş beriji bilen işe durýanlaryň arasynda baglaşylan ylalaşykda aýlyk hakyndan başga hytaý kompaniýasynyň hasabyna her gün olary üç gezek naharlamak hem göz öňünde tutulypdyr.

Samandepede soňky döwür iýmit üpjünçiligi hem zähmet hakynyň tölenişi meselesinde ýerli işgärler bilen hytaýlylaryň arasynda oňşuksyzlyklar başlanypdyr. Şol ýerde bolup gelen gürrüňdeşimiziň aýtmagyna görä, gurluşyk obýektinde 15 günden bir gezek smena çalyşýar, her tapgyrda-da 200 töweregi adam işleýär.

“Hytaýlylar nahary gaty çäklendirdiler. Hili juda pese gaçdy. Iň ýakyn dükan 25-30 kilometrlikde. Başda özara gatnaşyklar ganymadam bolsa, türkmen häkimiýetlerinden öz ilatyna goldaw bolmajagyna göz ýetiren hytaýlylar ýerlileri äsgermän başladylar. Käwagt el galdyrmany çykardylar. Ahyrsoňy türkmenistanly işgärler ýagdaýa çydaman, aýak üstüne galdylar. Hytaýlylaryň ýaşaýan wagon-jaýlaryny agyr tehnika bilen agdardylar, ýumurdylar, käbirini otladylar. Netijede 15 hytaýly ýaralandy” diýip, türkmenistanly çeşme aýtdy.

Aşgabatdan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýdi: “Türk doganlarymyz hakyny iýende-de, adamyň göwnüne degenok. Mylaýymlyk bilen hakyny iýýärler ýerli halkyň. Hytaýlylar birhili ýerli halky äsgerenok, bilýärler halkyň işsizligini, olar ýöne bir ejizeganymlygyň nusgasy bolup otyrlar. Ýerli halkda hytaýlylar barasynda gaty sowuk garaýyş bar.”

Waka nämäniň alamaty?

“Samandepedäki çaknyşyk özakymly bir protest aksiýasy boldy. Ony gurnanyň kimdigi belli däl. Şonuň üçin welaýat merkezinden gelen polisiýa topary 200 töweregi adamy Türkmenabat şäherine alyp gaýtdy, üç günden soň diňe 30 çemesi işçini alyp galyp, beýlekilerini öýlerine goýberdiler” diýip türkmenistanly çeşme aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň IIM-niň, prokuraturasynyň hem Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri saklananlary sorag edýärler. “Ýöne bu waka barasynda-da, onuň sebäpleri dogrusynda-da, ejir çekenler, saklananlar barasynda hiç hili maglumat bermeýärler. Biziň ýerimize barmaly ikinji smenany-da işe çagyrmandyrlar”.

Adam hukuklaryny goraýjy Farid Tuhbatullin, eger türkmen häkimiýetleri edil şu wagt degişli çäre görmeseler, beýle ýagdaýlaryň ýene-de gaýtalanmagynyň mümkindigini aýdýar.

“Daşary ýurt kompaniýalary bilen türkmen hökümetiniň baglaşýan kontraktlaryna ýaňadan seretmeli, onda ýerli ilatdan hem daşary ýurt kompaniýasyndan näçe prosent işgär alynmalydygy, iş haklarynyň deň ýa-da ýerlileriň hakynyň biraz ýokary bolmalydygy, iş şertleri ýaly meseleleriň kesgitlenmegi gerek”
Eger Türkmenistanda metbugat erkin, azat bolsady, beýle wakalar ýüze çykmazyndan öň onuň öňüni alyp bolardy.
diýip, Farid Tuhbatullin aýtdy.

S.Nyýazow döwründe bu meseläniň ýerli işgärleriň peýdasyna däl-de, tersine, zyýanyna çözülendigini ýazyjy Amanmyrat Bugaew ýatlaýar: “Kerki-Kerkiçi aralygynda köprüniň gurluşygy ýaňy başlanda, ukrainleriň üstüne türkmen çinownikleri baryp: “Näme üçin 9 million berip, azdyrýarsyňyz bu halky, 4-5 milliondan aňry geçmesin şularyň haky” diýip, mundan 9-10 ýyl öň gopgun turzupdyrlar. Häzirem şol.”

"Eger Türkmenistanda metbugat erkin, azat bolsady, beýle wakalar ýüze çykmazyndan öň onuň öňüni alyp bolardy. Hytaý bilen Türkmenistan arasynda ýaňy uly gaz söwdasynyň başlanýan wagty häzirki gürrüňi edilýän wakalar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklara-da, ýerli ilatyň daşary ýurtly partnýorlara bolan garaýşyna-da gowulyk getirmez. Türkmen häkimiýetleri bu problema çynlakaý çemeleşseler, ol diňe gowy netijeler berer" diýip, Türkmenistanly synçy aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-ne, Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasyna jaň edip, Lebap welaýatynda bolan waka barasynda maglumat almak başartmady.
XS
SM
MD
LG