Britaniýa bilen Türkmenistan arasynda dürli ugurlardan gatnaşyklaryň geljegi nähili bolar, syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň haýsy ugurlary taraplary gyzyklandyrýar? Türkmenistanyň Günbatar bilen gatnaşyklaryny giňeldýän, NABUCCO proýektine goşulmak isleýän, Hazaryň hukuk durumyny kesgitlemek ugrundan täze ädimler ädýän häzirki döwründe bu saparyň nähili ähmiýeti bar?
Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Beýik Britaniýa möhüm hem geljegi uly partnýor hökmünde garaýandygyny, özara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmekçidigini aýdypdyr.
Taraplar söwda, inwestisiýalar, şeýle-de ýangyç-energetika pudagy ýaly ugurlary ileri tutulýan pudaklar atlandyryp, şu ugurlarda bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşypdyr.
Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýataklarynyň gaz gorlaryny kesgitlemegi “Gaffney, Cline & Associates” halkara britan kompaniýasyna türkmen hökümetiniň ynanandygyny, şol kompaniýanyň anyk maglumatlar esasynda Türkmenistanyň dünýä energetik döwletleriniň biridigini tassyklandygyny Türkmenistanyň prezidenti aýdypdyr.
Nebit-gaz pudagynda partnýorlyk , hususan-da türkmen tebigy gazyny Ýewropa bazaryna, şol sanda Beýik Britaniýa akdyrmagyň geljegi meselesine degip geçip, Berdimuhamedow bu işleriň köp ugurlar boýunça ýangyç serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak boýunça Türkmenistanyň energetik syýasatyna bap gelýändigini nygtapdyr.
Şazada Endrýu Gersog Ýorkskiý Türkmenistanyň alyp barýan energetik syýasatyna goldaw bildirip, Türkmenistanyuň amala aşyrmak isleýän uly möçberli proýektlerine Beýik Britaniýanyň kömek bermäge taýýardygyny aýdypdyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň başlarynda Britaniýanyň “Stat oýl”, “Britiş Petroleum” kompaniýalary ,“Şell” iňlis-golland kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlyk bilen gyzyklanypdy. “Stat oýl “ wekilhanasynam açypdy. Nebit-gaz ugrundan türkmenistanly bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistanda inwestisiýalar baradaky kanunçylygyň işlemeýändigi, syýasy-ykdysady ýagdaýyň durnukly däldigi, meseleleriň çözgüdiniň kanunlara däl-de, bir adama - prezident Saparmyrat Nyýazowa baglydygy üçin şol kompaniýalar hyzmatdaşlykdan, bilelikdäki işlerden, inwestisiýalardan çekilipdir.
Gyzyklanma ykdysady däl-de syýasy giňişlikde
Beýik Britaniýadan post-sowet döwletleri boýunça ekspert Aleksandr Narodetskiý häzir Türkmenistanda daşary ýurt kampaniýalary bilen hyzmatdaşlyk, inwestisiýalary ýurda çekmek ýaly meselelerde özgerişleriň duýulýandygyny, şonuň üçin Günbatar ýurtlaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
“Ýöne ol Berdimuhamedowa hem onuň ähli strukturalaryna, döretjek şertlerine bagly. Häzir Türkmenistana gyzyklanma ykdysady däl-de, syýasy giňişlikde ýatyr. Türkmenistanyň Orsýet bilen gatnaşyklary dartgynly. Şu wagt oňa Ýewropa ýurtlaryndanam, ABŞ tarapyndanam Orsýet bilen gatnaşyklarda güýçleriň mynasybeti üçin syýasy goldaw gerek. Türkmenistana goldaw, gorag bolar ýaly Beýik Britaniýanyň hemaýat edesi gelýär”.
Narodetskiniň sözlerine görä, Türkmenistana köp döwletleriň, şol sanda Beýik Britaniýanyň gyzyklanmasynyň ýene bir sebäbi gatnaşyklaryň geljegi, geljekki hyzmatdaşlygy ýitirmezlik bilen bagly. Nyýazowdan tapawutlylykda Berdimuhamedow daşarky dünýä bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga çalyşýar, şu mümkinçiligi Beýik Britaniýa sypdyrmak islemeýär –diýip, postsowet döwletleri boýunça bilermen belledi.
Bu pikir bilen Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Andreý Grozin ylalaşýar. “Häzir Britaniýa ozaly bilen geljek üçin orun eýelemek, Türkmenistanda özüne zemin häzirlemek isleýär. Türkmen häkimiýetlerine bolsa “daşarky dünýä bilen prizedentimiz gatnaşyklary giňeldýär” - diýdirmek üçin beýle duşuşyklar gerek.
Orsyet bilen gatnaşyklaryň dartgynlylygy, gaz söwdasynyň näbelli bolup galmagy-da muňa öz täsirini ýetirýär. Ýöne Britaniýa tarapdan real inwestisiýalar geljekdigi barada gürrüň ederden şu wagt ir. Sebäbi Merkezi Aziýa döwletleri bilen deňeşdirilende, Türkmenistandaky inwestisiýa şertleri gazaply, agyr. Ikinjiden, korrupsiýa güýçli. Eger kanunçylyk, şertler maýa ýatyrmak üçin amatly bolaýanda-da, Berdimuhamedow nähili wadalar berse-de, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmasy uly soragyň aşagynda” - diýip, Andreý Grozin aýtdy.
“Häzir işläp duran hem ýakyn geljekde gurulmagy göz öňünde tutulýan turbalary doldurar ýaly tehniki taýdan taýýar gaz şu wagt Türkmenistanda ýok. Tapylan gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin Türkmenistana her ýyl bärsinden 3-4 milliard dollar gerek. Adam hukuklarynyň, serhetleriň häzirki ýagdaýynda, söz-metbugat azatlygynyň Nyýazow döwründen onçakly tapawutlanmaýan wagtynda daşary ýurt inwestisiýalaryna ýakyn wagtlarda garaşyp bolarmy?” –diýip, Türkmenistanly nebit-gaz ugrundan bilermen aýtdy.
Aleksandr Narodetskiý: “Geçmişiň ýaramaz galyndylary jemgyýetden aýrylmasa, ol daşarky dünýä bilen gatnaşyklara uly böwet bolar” diýen pikiri öňe sürdi. Ekspertiň sözlerine görä, “şu ýagdaý tizden-tiz düzedilmese, haýsydyr bir üstünlikler barada ýakyn geljekde gürrüň edip bolmaz.”