Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň howpsuzlygy BMG-de gozgaldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda Hazar regionynyň howpsuzlyk meselesini gozgady.

BMG-de eden çykyşynda Berdimuhamedow BMG-niň arka durmagynda Merkezi Aziýa regionynda we Hazar basseýninde global howpsuzlygy üpjün etmek üçin bu ýerde hemişelik işleýän mehanizmi, regional problemalary maslahatlaşmak üçin halkara gepleşiklerini ýola goýmagyň, şol esasda özara makullanan kararlary kabul etmegiň gerekdigini öňe sürüp, şol işleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligine syýasy, guramaçylyk, tehniki mümkinçilik döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, regionyň hem dünýäniň ykdysady, energetik, azyk howpsuzlygyny döretmezden, syýasy hem harby howpsuzlygy birtaraplaýyn üpjün edip bolmaz. Türkmenistanyň prezidenti bularyň arasynda iň möhümleriniň biri hökmünde energetik howpsuzlygy agzapdyr.

Howpsuzlyk meselesi öňde

Hazar regionynyň howpsuzlygy meselesine beýle uly üns gönükdirmäge nähili esaslar bar?

Türkmenistanyň prezidenti şu ýylyň 30-njy awgustynda geçiren Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda Hazarda harby-deňiz bazasyny döretmek barada çykyş edipdi.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, harby-deňiz bazasyndaky güýçler hemişelik esasda ornaşdyrylar. Hazaryň türkmen kenarynynyň goragyny üpjün etmek masady bilen yzygiderli harby-deňiz okuwlary geçiriler.

Bu çykyş dürli habar serişdelerinde köpsanly reaksiýalaryň peýda bolmagyna getiripdi. Azerbeýjanyň Milli Mejlisiniň howpsuzlyk we goranmak komitetiniň başlygy Aýdyň Mirzozade: “Türkmenistan Azerbeýjan üçin dostlukly ýurt. Ol şu mesele boýunça ýardam üçin Azerbeýjana ýüz tutsa, meniň pikirimçe, ýok diýilmez. Çünki Azerbeýjanyň bu ugurdan uly tejribesi bar hem dünýäde ykrar edilen harby-deňiz güýçleri bar” diýipdi.

Energetiki meseleler hem GDA ýurtlary boýunça german eksperti Aleksandr Rar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň berkändigini, öz bähbitlerini gorajakdygyny beýleki döwletlere görkezmek isleýändigini aýdypdy. Bu çykyşlar habar serişdelerinde 1-nji sentýabrda peýda bolupdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynda gozgaldy

Synçylaryň pikiriçe, bu ýerde ýerleşýän bäş döwletiň deňizdäki harby potensialy deň däl. Iň güýçlä deňleşjek bolmak deňizde ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna getirerdi.

Stambulyň Goç Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti professor Timur Hoja Hazar basseýnininiň howpsuzlyk meselesini Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda gozgamagynyň esasy sebäbi, deňziň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň arasynda dowam edýän oňşuksyzlyklar diýen pikiri öňe sürdi.

Türkmenistan boýunça bilermen professor Artýom Ulunýan Berdimuhamedowyň meseläni Baş Assambleýanyň mejlisinde goýmagynyň ýerliklidigini hem muňa birnäçe sebäbiň bardygyny aýdýar: “Birinjiden, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky dawalaryň çözülmezligi, Azerbeýjanyň harby güýçleriniň agdyklyk etmek mümkinçiligi, ikinjiden, Hazarda Gazagystan bilen Orsýetiň harby flotunyň bardygy sebäpdir. Gazyny Hazaryň üsti bilen Günbatara gaz geçirmek isleýän Türkmenistanda geljekki ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde esasly aladalar bar”.

Artýom Ulunýanyň pikirine görä, ýene bir sebäp diňe bir Hazar basseýninde däl, Merkezi Aziýa regionynda-da soňky hereketini öňünden aňyp bolmaýan käbir güýçler bar. “Olaryň etmegi mümkin radikal hereketleri Türkmenistanyň geljekki turbalaryna howp salyp biler. Şondan Aşgabat howatyrlanýan bolsa gerek”.

Üç döwletiň iki döwlete täsiri

Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň liderleri Hazaryň kenarynda ýerleşýän Aktau şäherinde, 11-nji sentýabr, 2009 ý.
Ankaraly alym Timur Hoja halkara derejesinde bu meselä üns berilmeginiň zerurdygyny, ýöne ozaly bilen üç ýurduň – Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbeýjanyň birleşmeginiň gerekdigini, şonda olaryň pozisiýasynyň güýçlenjekdigini, beýleki iki uly döwlete - Orsýet bilen Eýrana güýçli täsir ýetirip biljekdigini aýdýar.

“At almankaň, eýer al” diýen türkmen nakyly bar. Azat Ýewropa we Azatly Radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Paniýeriň sözlerine görä, Türkmenistan indiki gaz turbalarynyň howpsuzlygyny öňünden üpjün etmäge halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär, munuň manysy bar. “Bu ideýany Amerikanyň hem beýleki ýurtlaryň çinownikleri-de goldadylar” diýip, analitik aýtdy.

Berdimuhamedow BMG-niň Aşgabatdaky öňüni alyş diplomatiýasy merkezini güýçlendirmegi-de, çykyşynda öňe sürüpdir. Şeýle edilende, onuň sözlerine görä, ol terrorizme, bikanun neşe söwdasyna, neşe tranzitine garşy göreşe hem Owganystan problemasyny çözmäge ýardam eder.
XS
SM
MD
LG