Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça barýan üznüksiz jedelleriň fonunda Gazagystan bilen Türkmenistan ikitaraplaýyn esasda öz aralarynda Hazardaky döwlet araçäklerini kesgitlediler.
“Şadyýan il, bireýýäm ähli sylaga, şol sanda saýlawçylaryň sesiniň 97%-ne, “Arkadag”, “Ýylyň çapyksuwary” diýen ýaly atlara eýe bolan baştutanyna ýene näme sowgat edip biler?
Owgansytanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Marçak etrabyna “Talyban” söweşijileri tarapyndan hüjüm edilip, etrapdaky bir postuň söweşijileriň kontrollugyna geçendigi habar berilýär.
Türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak barada indi ençeme ýyllardan bäri gepleşikler geçirilýär. Şu çaka bu ugurdan takyk ädim ädilmedik hem bolsa, bu tema iki tarapyň hem agzalýan mesele boýunça gün tertibinde galýar.
Türkmenistanyň käbir etraplarynda yslama has köp ýykgyn edýändigi aýdylýan raýatlaryň soňky döwür ýiti basyşlara sezewar bolýandygy barada resmi taýdan tassyklanmadyk dürli görnüşdäki maglumatlar gowuşýar.
Türkmenistan ätiýaçdaky harby gullukçylaryny yzyna çagyrýar, türgenleşik maksady bilen amala aşyrylýandygy aýdylýan bu çäräniň türkmen-owgan serhedinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglydygy çaklanylýar.
Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada indi 20 ýyldan bäri gürrüň edilýär. Bu mesele prezident Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň dowamynda ýene gozgaldy.
Aşgabadyň lomaý bazary ýakynda täzeden açyldy. Ol Aşgabadyň iň uly gatnawly köçesiniň ugrunda ýerleşýän hem bolsa, bu ýerde durýan ulaglaryň sanynyň-da, barýan alyjylaryň-da sanynyň azalandygy aýdylýar.
Eýranly balykçylaryň Türkmenistanyň Deňiz güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigi barada soňky günlerde peýda bolan habarlary Eýranyň degişli resmileriniň inkär edendigi aýdylýar.
Türkmenistanyň raýaty, Eýranda türme tussaglygyna höküm edilen we Ewin türmesinde bendilikde saklanylýan Çary Muhammetmyradowyň häzirki döwürde tussaglykdaky altynjy ýylyny geçirýändigi habar berilýär.
Türkmenistanda neşä garşy göreş has güýçlendirilýär, bu ugurdan degişli administratiw hem kanuny çäreler gçrülýär we bar bolan kanunlar bolsa barha berkidilýär.
Türkmen-owgan serhedinini berkitmek maksady bilen serhetde garym gazyp, simagaç dikýän türkmenistanly toparyň gurluşyk enjamlarynyň alnyp gidilendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Soňky günlerde Azatlyk Radiosynyň käbir habarçylaryna basyş görkezilýär. Hususan-da, Soltan Açylowa şenbe güni Aşgabadyň “Mir bazarynda” tussag edilip, Köpetdag etrap polisiýasynda iki sagatlap sorag edildi.
Aşgabadyň “Mir bazarynda”, “Teke bazarynda” elin eti satyn almak üçin ilatyň uzyn nobatlary emele getirendigi habar berilýär. Ol nobatlara ýurduň polisiýasynyň, şol sanda adaty graždan geýimli resmileriň gözegçilik edýändigi aýdylýar.
Türkmen prezidenti energiýä bagyşlanyp geçirilen ýygnakda energiýanyň üýtgäp duran bahasyna ünsi çekip, bu harydyň nyrhy bilen baglanşykly ýagdaýa anyklyk getirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Uzynlygy 900 kilometre golaý bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol ulgamy düýn bu ýurtlaryň baştutanlarynyň gatnaşmagynda Türkmen-Eýran serhedinde dabaraly ýagdaýda açyldy.
Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany öz içine alýan bilelikdäki demirýol proýekti işe girizildi. Onuň açylyş dabarasy agzalýan üç ýurduň prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky serhediň golaýynda ýerleşýän Ak Ýaýla obasynda çarşenbe güni irden bolup geçdi.
Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň Watan öňündäki harby gulluk borçlarynyň möhletiniň bir ýyldan iki ýyla çykarylmagy hökmany harby gulluk boýunça ýurtda soňky ýyllarda kabul edilen kararlardan diňe biri.
S.Nyýazowyň "janyna kast etmek synanyşygy" diýilýän wakalardan bäri 12 ýyl geçdi. "Sanjar wakalary" diýlip hem tanalýan şol hadysalarda tussag edilenleriň ykbaly häzire çenli hem nämälimligine galýar.
“Transowgan” gaz proýektine gatnaşýan ýurtlar indiki ýyldan başlap bu proýektiň işine girişjek kompaniýanyň gözleginde. Bu maglumat Aşgabatda geçirilen ýygnakdan soňra ýaýradyldy.
Ýene-de ýükle