Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Heýkel täsin waka hökmünde häsiýetlendirildi


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ilkinji äpet monumenti.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň ilkinji äpet monumenti.

“Şadyýan il, bireýýäm ähli sylaga, şol sanda saýlawçylaryň sesiniň 97%-ne, “Arkadag”, “Ýylyň çapyksuwary” diýen ýaly atlara eýe bolan baştutanyna ýene näme sowgat edip biler? Türkmenistan barada gürrüň edilende, bu, megerem, ýolbaşçynyň 21 metrlik mermer pýedestalyň, ýagny binýadyň üstünde altyn çaýylan heýkelini dikip, ony müňlerçe adamyň gatnaşmagynda lidere alkyş aýdyp, açyp bermek bolsa gerek".

Bu 25-nji maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň altyn çaýylan heýkeliniň açylyş dabarasy bilen bagly dünýäniň iň abraýly gazetlerinden biri Britaniýada ýerleşýän “The Independent” gazetiniň agzalan waka ýazan kommentariýsinden bir bölek.

Makala şeýle dowam edýär “Ýerasty resurslara baý Türkmenistan, ähli güýji öz kontrollygynda saklaýan prezidentiň ilkinji heýkelini dikdi. Ol öz repressiw şahsyýet kultuny döretmek üçin hiç zatdan gaýtmaýar”.

“Halkynyň özüni ýatlamagyny isleýär”

Berdimuhamedowyň heýkeliniň açylyşy bilen bagly habar ABŞ-da çap edilýan “Quartz” gazetiniň hem ünsüni çekdi. Gazetiň redaktorlaryndan Steve Levine prezidentiň heýkeli baradaky kommentariýsine şeýle girişýar: “Türkmenistanyň lideri häkimiýet başyndan çetleşensoň hem halkynyň özüni ýatlamagyny isleýär, şonuň üçin Merkezi Aziýada ýerleşýän bu ýurtda prezidentiň hormatyna onuň 24 karat altyn çaýylan äpet uly heýkeli dikildi”.

Quartz neşirinde çykan bu makala şeýle dowam edýär: “57 ýaşly Berdimuhamedow 2006-njy ýylda ýurduň öňki güýçli lideri Saparmyrat Nyýazow ölenden soň häkimiýet başyna geçdi. Şol wagt Nyýazowyň şähsyýet kultuny halk durmuşynyň ähli gatlaklarynda görse bolýardy.

Ýurduň içinde ol özüne “Türkmenbaşy” diýdirýärdi, daşary ýurtlarda bolsa ol Güne bakyp aýlanýan we altyn çaýylan heýkeli, günlere we aýlara öz maşgala agzalarynyň atlaryny dakan lider hökmünde üstünden gülünýärdi”.

Täsin habar...

Berdimuhamedowyň 25-nji maýda uly dabara bilen açylan 21 metrlik binýadyň üstünde oturdylan 6 metrlik altyn çaýylan heýkeli dünýäniň iň uly neşirlerinde, umuman aýdylanda, täsin habar hökmünde häsiýetlendirildi.

ABŞ-nyň “Waşington Post” gazeti bu barada çap eden makalasynda “Türkmenistanyň prezidentiniň ata bolan söýgüsine ünsi çekip, şeýle diýýär: “Ol ata bolan söýgüsini hiç haçan gizlänok, Aşgabatda açylan äpet uly heýkel bilen onuň bu söýgüsi ebedileşdirildi”

Soňra bu gazetde Berdimuhamedowyň at baradaky kitabyna we 2013-nji ýylda märekäniň öňünde atdan ýykylyşyna hem deglip geçilýär.

“Tankytçylary diktator diýýärler”

Orsýetiň “Moscow Times” gazeti hem gürrüňi edilýän waka ünsi çekip, bu ýagdaýy Berdimuhamedowyň ýurtda ösüp barýan şahsyýet kulty bilen baglanyşdyrýar. Gazetiň makalasynda şeýle diýilýär: “Ol ähli güýji öz elinde saklaýar, premýer-ministr onuň özi, ýurduň harby gulluklarynyň baştutany hem ol, ýurt ululygy boýunça dünýäde dördünji gaz ýatagyna eýe, tankytçylary bolsa oňa diktator diýýärler”.

25-nji maýda açylan heýkeli bilen baglanyşykly çap edilen habarlarda häzirki gün Berdimuhamedowyň özüni alyp barşynyň birnäçe ýyl mundan öň ol ýaňy häkimiýet başyna geçen wagtyndakysyndan düýpgöter tapawutlanýandygy nygtalýar.

“Quartz” gazetina dolansak, gazetiň heýkel baradaky makalasy şeýle tamamlanýar.

“Ilkibaşda häzirki prezident şahsyýet kultuny mahabatlandyrýan simwollary ýekän-ýekän aýryp başlady, emma aradan 10 ýyl töweregi geçensoň, indi o zatlar unudylana meňzeýär”.

Halkara mediadan tapawutlylykda, türkmen metbugatynda bolsa prezident Berdimuhamedowyň bu heýkeliniň onuň halk bähbitli eden hyzmatlaryna sylag hökmünde, halk köpçüliginiň islegi netijesinde gurlandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG