Eýranly balykçylaryň Türkmenistanyň Deňiz güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigi barada soňky günlerde peýda bolan habarlary Eýranyň degişli resmileriniň inkär edendigi aýdylýar. Bu habar 2-nji fewralda "Tahran Times" gazetinde çap edildi.
Mundan ozal Eýranyň resmi habar agentligi IRNA 1-nji fewralda çap eden maglumatynda Türkmenistanyň Deňiz güýçleriniň geçen ýylyň dekabrynda, Hazar deňzinde eýranly balykçylary oka tutandygyny we şol wakada adam ýitgisiniň bolandygyny habar beripdi.
IRNA-nyň şol habarynda, “Türkmen esgerleriniň öňünden duýduryş bermän, Eýranly balykçylary oka tutmagy netijesinde ölümden aman sypan beýleki balykçylaryň bolsa Türkmenistan tarapyndan tussag edilendigi we olaryň ykbaly hakda hiç hili maglumatyň ýokdugy mälim edilipdi.
'Öldürmediler'
Emma "Tahran Times" gazetiniň 2-nji fewralda, gündelik ”Horasan” gazetine salgylanyp çap eden habarynda bu waka bilen baglanyşykly biraz başgaça maglumat berilýär. Ol maglumatda Eýranyň demirgazygynda ýerleşýän Gomişan şäheriniň häkimi Amangoldi Zamiriň eýranly balykçynyň ölümi baradaky habary inkär edilip, türkmen esgerleriniň dört sany eýranly balykçyny tussag edendigi tassyklanylýar.
Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistan şol balykçylary, öz territoriýasyna bikanun girenlikde aýyplap, tussag edipdir. "Eýran Daily" gazeti hem, agzalýan häkime salgylanyp, şol balykçylaryň gämisiniň deňziň ortasynda ýangyjynyň gutarandygy sebäpli, Hazaryň Türkmenistana degişli bölegine geçendigini bildirýär.
Agzalýan gazet, şol häkime salgylanyp çap eden habarynda, şol wakada hiç hili atyşygyň bolmandygyny, balykçylaryň bolsa Türkmenistanda geçirilen deslapky diňlenişigiň netijesinde dört ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berýär.
Eýranyň Gülüstan welaýatyna degişli Gomişan etrabynyň häkimi Amangoldi Zamiriň, özleriniň türkmen serhetçileri bilen gündelik wezipeleriniň çäginde yzygiderli duşuşýandyklaryny we bu ýagdaýdan türkmen tarapynyň habarly edilendigini, şeýlelikde şol balykçylaryň azat edilmegi üçin çynlakay iş alnyp barýandygyny aýtdy diýip, ”Eýran Daily” gazetiniň habarynda nygtalýar.
Mundan ozal Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň 1-nji fewralda balykçylar bilen bagly ýaýradan habarynda bolsa, Türkmenistanyň bu hereketiniň diplomatik normalara gabat gelmeýändigi mälim edilip, Türkmenistanyň Eýrana garşy özüni alyp barşynyň erbetleşýändigi we Aşgabatdaky ýeke-täk şaýy metjidiniň hem ýagdaýynyň juda ýaramazdygy habar berlipdi.
Türkmen resmileri bu meselede henize çenli hiç hili reaksiýa bildirmediler. Emma, dogrusy, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda munuň ýaly ýagdaýlar gaty seýrek duşsa-da, Hazaryň statusy boýunça häzire çenlem deňizýaka ýurtlaryň arasynda hiç hili ylalaşyk ýok.