Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar-günbatar gazgeçirijisi açyldy


Täze geçirijiniň turbalary
Täze geçirijiniň turbalary

Şu gün Türkmenistanyň günbatar welaýaty Balkanda uzynlygy 773 kilometre barabar bolan gündogar-günbatar gazgeçirijisiniň açylyş dabarasy boldy.

Gurluşygyna 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda başlanylan bu gazgeçiriji Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän Şatlyk gaz ýataklaryndan gözbaş alyp, Balkan welaýatynyň Belek etrabyna çenli uzalyp gidýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow her ýyl 33 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply bu geçirijiniň Türkmenistanyň ýewropaly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyny artdyrmaga kömek etjekdigini aýtdy.

Mundan ozal Ýewropa Kommissiýasynyň energiýa bileleşigi boýunça wise-prezidenti Maroş Sefçoviç 2015-nji ýylyň maý aýynyň 2-nde ”Reýter” habar agentligine beren interwýusynda Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyna gyzyklanma bildirýändigini aýdypdy.

Ol şol interwýusynda edil häzirki gün Ýewropanyň jemi gaz importynyň dörtden üç böleginiň Orsýetden üpjün edilýändigini aýdyp, 2019-njy ýyldan başlap Türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna umyt edýändigini belläpdi.

Türkmen gazy şu güne çenli Hazar deňziniň astyndan gurulmagyna garaşylýan gazgeçiriji arkaly Ýewropa akdyrylar diýlip garaşylýar. Emma Hazaryň kanuny statusynyň häzire çenli-de kesgitsiz galmagy bu proýektiň başa barmagynyň öňüni alyp gelýär.

Bu proýekte hazarýaka ýurtlaryň arasynda garşy çykýanlar - Orsýet bilen Eýran. Haçan-da ylalaşylmadyk meseleler çözlüp, planlaşdyrylýan proýekt durmuşa geçirilen ýagdaýynda şu günki işe girizilen gazgeçiriji Ýewropa gaz akdyrjak turbany ýangyç bilen üpjün eder.

Emma 90-njy ýyllaryň başyndan bäri gürrüňi edilip gelinýän Transhazar proýektiniň haçan başa barjagy barada häzirem takyk bir zat aýtmak kyn. Şeýle ýagdaýda çykdayjysy jemi 2.5 milliard dollara barabar bolan bu gazgeçirijiden edil häzir nähili peýdalanyljagy barada hiç hili maglumat ýok.

Mundan öň gündogar-günbatar gazgeçirijisi Hazaryň kenarynda gurulmagyna garaşylýan hazarýaka gazgeçirijisini ýangyç bilen üpjün eder diýen maglumatlaram peýda bolupdy. Emma Berdimuhamedow häkimiýet başyna geläýen döwri gürrüňi edilen ol proýekt hem soňra ýatyp galdy.

Türkmenistan dünýäde gaza baý ýurtlaryň arasynda dördünji ýerde durýar diýlip hasaplanýar. Häzirki döwürde onuň esasy gaz müşderisi Hytaý. Türkmen gazynyň öňki esasy muşderisi Orsýet bolsa 2009-njy ýylyň aprel aýyndan bäri Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini juda azaltdy.

2015-nji ýylda Orsýetiň Türkmenistandan diňe 4 milliard kubometer gaz satyn alandygy aýdylýar. Şeýle-de Türkmenistan şu ýylyň 13-nji dekabrynda, Transowgan gaz proýektiniň gurluşygyna badalga berdi.

Ol hakda 90-njy ýyllardan bäri gürrüň edilip gelinýändigine garamazdan, Owganystanyň territoriýasyndaky durnuksyz ýagdaý zerarly, bu proýektiň hem häzirlikçe başa barjagyna şübhe ýeterlik.

XS
SM
MD
LG