Türkmenistan 13-nji dekabrda özüniň Owganystana, Pakistana, Hindistana gaz iberjek geçirijisiniň (TOPH) Türkmenistandaky böleginiň gurluşygyna başlady. Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gazgeçirijiniň gurluşygyna badalga bermäge bagyşlanan dabarada çykyş edip, “taslamanyň diňe energiýa serişdelerini iberýän tarap üçin däl, eýsem üstaşyr geçirýän we sarp edýän döwletler üçin hem ykdysady taýdan örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny” aýtdy.
Eýse, Owganystanda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşýan mahaly, bu proýektiň durmuşa geçmek mümkinçilikleri nähili?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, düýbi Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk” institutynyň analitigi John Makleod bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlady. Siz bu proýektiň durmuşa geçmek mümkinçilikleri barada näme pikirde?
John Makleod: Bu proýekt mundan ýigrimi ýyl öňden hem bar bolan we dowam edýän owgan durnuskzylygy ýaly sebäplere görä, Türkmenistan, şol sanda Pakistan üçin hem başa barmajak ýaly bolup görünýär. Şu sebäpler islendik infrastruktura proýekleterine ýatyryljak maliýe serişdelerini hem sorag astynda goýýar.
Geliň, geografiki taýdan şuňa meňzeş proýektleriň birine, ýagny Baku-Jeýhan proýektine göz aýlalyň. Şol döwürde bu proýektiň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly käbir syýasy we howpsuzlyk meseleleri dogrusynda töwekgelçilikler bardy. Olaryň biri 1990-njy ýyllaryň başynda gürrüňi edilýän geçirijiniň gurluşygy bilen baglanyşykly gepleşikleriň başlan wagty bolan Daglyk-Garabag konfliktidir. Ikinjiden, şol döwürde Türkiýede jeňçileriň hereketleri ýaýbaňlanypdy.
Emma bu meseleler iň bärkisi maýa goýumçylaryň bu proýekte goşulyp bilmegi derejesinde oňyn çözülipdi. Şeýlelikde bu proýektiň durmuşa geçirilmegi şowly bolupdy. Bu hem şol meseleleriň, töwekgelçilikleriň aradan aýrylmagy netijesinde amala aşyrylypdy. Sebäbi bu proýektleriň durmuşa geçirilmegi syýasy islege bagly däl-de, maliýe serişdeleri, töwekgelçilikler bilen has köpräk baglydyr.
Azatlyk Radiosy: Siz bu proýektiň durmuşa geçmek mümkinçiligine şübhe bilen garaýan ýeke-täk adam däl. Emma muňa garamazdan, düýn bu proýekte gatnaşýan ýurtlaryň liderleri Türkmenistanda ýygnanyp, onuň gurluşygyna badalga berdiler. Eger ýagdaý şeýle bolsa, siziň pikiriňizçe, olar bu çäräni näme üçin amala aşyrdylar?
John Makleod: Bu proýektiň gurluşygy bilen baglanyşykly eýýäm ençeme ýyldan bäri gepleşikleriň dowam edýändigine we käbir [inkär edip bolmajak] hakykatlaryň bardygyna garamazdan, bu çäräniň häzir näme sebäpden gurnalandygy barada anyk bir zat aýtmak kyn. Emma türkmen hökümeti häzirki şertlerde bu proýekti durmuşa geçirmäge syýasy taýdan islegli ýaly bolup görünýär. Emma soňra näme bolar?
Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistan Owganystandaky “Talyban” we “Yslam döwleti” toparlarynyň jeňçilerinden göz-görtele abanýan howpa garşy göreşmek üçin özüniň Owganystan bilen serhediniň golaýynda harbylaryny ýerleşdirdi. Bu jeňçi toparlar sebäpli Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndaky owgan hökümetiniň işjeňligi juda gowşak. Şeýle-de, bu jeňçiler öňümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda Owganystandan ýok bolup gitjege meňzemeýär. Sebäbi “Talyban” gaýtadan güýçlenip, agressiw häsiýete eýe bolýana meňzeýär.
“Talyban” bilen gepleşikler dowam etse-de, ýurduň demirgazygyndan başlap günbataryna çenli dowam edýän we Pakistany hem öz içine alýan problemalaryň parahatçylykly ýol bilen çözüljekdigini hiç kim aýdyp bilmez.
Azatlyk Radiosy: Meniň bilşime görä, düýn Pakistanyň premýer-ministri özleriniň “Talyban” bilen gepleşikleri geçirip, toparyň proýektiň durmuşa geçmegine rugsat bermäge ynandyryljakdygyny aýdypdyr. Siziň pikiriňizçe, bu töwekgelçilikleriň aradan aýrylmagynyň çözgüdi bolup bilermi?
John Makleod: Belki, bolup biler. Ýöne Owganystanyň hökümeti Pakistany “Talyban” hereketini goldamakda yzygiderli aýyplap gelýär. Men bu meseleler has çylşyrymly diýip çaklaýaryn. Ýagny, “Talyban” diňe bir hereket bolman, onuň düzüminde birnäçe toparlar bar. Olaryň arasyndaky iň täzesi we iň agressiwi hem “Yslam döwleti” atly topardyr. Owganystandaky konfliktiň syýasy taýdan çözgüdi üçin perspektiwa ýokdur. Meniň pikrimçe, Pakistan belli bir görnüşde “Talybany” “satyn alyp”, bu sebitde howpsuzlygy üpjün etjege meňzeýär. Emma şeýle çözgüdi owganlaryň kabul etjegine ynanmak kyn. 1990-njy ýyllarda “Talyban” hereketi belli bir derejede bu prosesiň bir bölegidi. Sebäbi olaryň özüniň administrasiýasy we guramalary bardy. Şol sebäpden olar bilen iň azyndan gepleşikleri geçirip, maslahat edip bolýardy.
Emma häzirki wagtda ýagdaý düýbünden tapawutly. Häzirki “Talyban” 1990-njy ýyllardaky öňki “Talyban” hereketi däl. Häzir bu hereket Owganystanyň dürli ýerlerinde söweş hereketlerini alyp barýan has agressiw toparlaryň ençemesinden ybarat. Şol sebäpden parahat ilatdan ýaşaýjylara ýa-da gazgeçirijä hüjüm etmezlik baradaky şol bir habary olaryň ählisine deň derejede nädip ýetirip boljakdygyny men-ä göz öňüne getirip bilemok. Bu işi nädip durmuşa geçirip boljakdygyny göz öňüne getirmek gaty kyn.