Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň nagt satuwynyň ýatyrylanyna bir aý boldy. Ýagny, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanda ilata daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeleriň girizilendigini we mundan beýläk fiziki şahslaryň daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp biljekdigi mälim edilipdi.
Eýse, häzirki wagtda Aşgabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynyň öňündäki nobatlar nähili?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.