Orsýetiň “Gazprom” kärhanasy Türkmenistandan gaýtadan tebigy gaz satyn alyp başlamagy göz öňünde tutmaýandygyny aýan etdi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasynda prezidentlik möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak göz öňünde tutulýar.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen resmileri bilen beýleki meseleler bilen birlikde Owganystandan abanýan howp barada hem pikir alşylandygyny aýtdy.
“Türkmenistanda para ikinji dil ýaly durmuşymyza girizildi” – bu Mergen atly okyjymyzyň ýakynda “Türkmenistanda para nirede duş gelýärsiňiz?” soragy bilen açan forumymyzda galdyran teswiri.
“Türkmenistanda Internetiň işleýşi sizi kanagatlandyrýarmy?” Azatlyk Radiosynyň azathabar.com websahypasynda orta atylan bu sorag okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma we seslenme döretdi.
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Türkmenistanda ýaşaýan goşa raýatlygy bolan adamlar (bipatridler) boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň özara kanagatlanarly çözgüdi tapmaga meýillidiklerini aýan etdi.
Ýekşenbe güni, 13-nji dekabrda, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrjak, uzynlygy 1,735 km deň TOPH gazgeçiriji proýektiniň gurluşyk işleri başlanar
Türkmenistanda daşary ýurt pullary bikanun satylanda we satyn alnanda kanunyň öňündäki jogapkärçilik has berkidilip, bu baradaky degişli düzediş ýurduň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakyndaky Kodeksine girizildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplyk Maksatnamasynyň çäginde öz üstüne “meýletin alan” borçnamalaryna ygrarly bolup galýandygyny belledi.
Prezident G.Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna düzülendigi aýdylýan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdym “Ginness rekordlar kitabyna” girdi. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.
ABŞ-nyň senatory Ben Karin döwlet sekretary Jon Kerriniň adyna hat ýazyp, onda Merkezi Aziýadaky “demokratiki prosesleriň ýok bolmagyna we adam hukuklarynyň ýagdaýyna” alada bildirdi.
Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň adyna hat ýollap, onda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky medianyň ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygyna ünsi çekýär.
Ýaponiýanyň premýer-ministriniň merkezi aziýa ýurtlaryna edýän sapary regionda adam hukuklarynyň alada döredýän ýagdaýlaryna howatyrlanma bildirmek üçin gowy bir mümkinçilikdir diýip, HRW belleýär.
Aşgabatda Garaşsyzlyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk çärelerine şäheriň käbir mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşdyrylmaýandygy habar berilýär. Eýse, Mary welaýatynda bu mesele babatda ýagdaýlar nähili?
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň DIM-ne jogap notasyny ýollady. Mundan öň, türkmen DIM-i Gazagystanyň türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar baradaky çykyşyna protest bildiripdi.
Türkmenistan Döwlet departamentiniň Dini azatlyklar boýunça ýyllyk hasabatynda “aýratyn alada döredýän” ýurtlaryň arasyna girizildi. Hasabatda ýurtda dini azlyklaryň zuluma, duçar edilýändigi aýdylýar.
ABŞ-nyň abraýly habar serişdeleriniň biri “Washington Post” gazetinde türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna edýän yzygiderli basyşlaryna bagyşlanyp, ýörite makala çap edildi.
Abraýly media guramalarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň ençemesiniň jogapkär ýolbaşçylary Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysynyň azat edilmegini soradylar.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çägindäki Umumy çykyşlaryň dowamynda çykyş etmeli güni hiç hili söz sözlemedi.
Türkmen resmileri jemgyýetçiligiň öňünde ilkinji gezek Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly barada maglumat berdiler.
Ýene-de ýükle