Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze taslamasynda prezidentlik möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylyp, prezidentiň aňry çäk ýaşy 70 bolmaly diýlip kesgitlenenen ýaş çäklendirmesini-de düýbünden aýyrmak göz öňünde tutulýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Konstitusion kommissiýanyň taýýarlan ýurduň Baş kanunynyň taslamasy duşenbe güni ýurduň metbugat serişdelerinde çap edildi.
Ýeri gellende aýtsak, ýurduň häzirki Konstitusiýasynda şol bir adamynyň prezidentlige yzly-yzyna näçe gezek saýlanyp bilýändigi barada hiç hili çäklendirme göz öňünde tutulmaýar, bu madda Baş kanunyň täze taslamasyna hem girizilmändir.
Ýatlatsak, etnek geçen ýylyň maý aýynda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa prezidentlik möhletini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaltmak barada, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, “ilatdan köp sanly teklipleriň gelip gowuşýandygyny” aýdypdy. Şeýle-de şol wagt Türkmenistanyň prezidentligine saýlanmak üçin Konstitusiýada göz öňünde tutulan 70 ýaş çagininiň hem ýatyrylmagy barada pikirler orta atylypdy.
Konstitusion komissiýanyň geçen ýyl geçiren maslahatynyň dowamynda G.Berdimuhamedow ýurduň Baş kanunynyň taslamasy taýýar edilenden soň, ony halk köpçüligine ýetirip, 2016-njy ýylda geçiriljek Ýaşulular maslahatynda hem tassyklamagy teklip edipdi.
Häzirki geçirilýän konstitusion reforma iki ýyl mundan ozal badalga berlipdi. 2014-nji ýylyň maýynda prezident G.Berdimuhamedow “ýurduň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Komissiýany düzmek” baradaky karara gol goýupdy.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen türkmen Konstitusiýasynyň soňky reformasy 2008-njy ýylda geçirilipdi. Mundan ozalky üýtgeşmeler bolsa 1995-nji, 1999-njy we 2003-nji ýyllarda geçirildi.
Häzirki Konstitusiýa laýyklykda, 58 ýaşly prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik möhleti 2017-nji ýylda tamamlanmaly. Ol 2012-nji ýylda ikinji möhlete prezident saýlandy.
Ýatladyp geçsek, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow 1999-njy ýylyň dekabrynda ýurduň kanunçykaryjylary tarapyndan "ömürlik prezident" hökmünde ykrar edilipdi.