Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ: Jenap Kerri, žurnalistlere arka çykyň!


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň adyna hat ýollap, onda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky, şol sanda Türkmenistandaky medianyň ýagdaýynyň barha ýaramazlaşýandygyna ünsi çekýär.

Jon Kerriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň öňüsyrasynda ugradylan bu hatda amerikan resmisiniň sebitiň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşygynda erkin metbugat meselelerini hem gozgamagy soralýar.

Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň 28-nji oktýabrda ýollan bu hatynda Merkezi Aziýa döwletlerinde metbugata edilýän basyşyň artandygyna üns çekilip, tankydy makalalary çap edýän žurnalistleriň we bloggerleriň yzarlanmalara, şol sanda türme tussaglygyna hem duçar edilýändigi bellenilýär.

Komitet özüniň geçiren derňewlerine salgylanyp, soňky döwürde sebitiň döwletlerinde tankydy maglumatlary berýän žurnalistleriň seslerini sem etmek boýunça kampaniýanyň hem alnyp barylýandygyny nygtaýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama sebitiň beýleki žurnalistleri bilen birlikde Türkmenistanda şu ýylyň 7-nji iýulynda tussag edilen Saparmämmet Nepesgulyýewiň ýagdaýyna hem ünsi çekýär.

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, Azaltyk Radiosynyň we ”Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 31-nji awgustda “bikanun neşe serişdeleriniň gaçakçylygy” barasyndaky aýyplama esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň Jon Kerriniň adyna ýollan hatynda, hususan-da, şeýle setirler getirilýär: “Jenap Sekretar, siz ABŞ-nyň senatory bolan döwrüňiz, indi hem döwlet sektretary hökmünde erkin metbugatyň tarapynda çykyş edip gelýärsiňiz. Biz Siziň [Merkezi Aziýa edýän saparyňyzyň çäklerinde] mümkinçilikden peýdalanyp, Merkezi Aziýadaky basylan žurnalistlere arka çykmagyňyzy soraýarys”.

Žurnalistleri goramak boýunça komitet hökümete degişli bolmadyk gurama bolup, ol media azatlygyny öňe sürüp, žurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýar.

XS
SM
MD
LG