Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlyk ýene-de gün tertibinde


Orsýetiň we Türkmenistanyň pasportlary.
Orsýetiň we Türkmenistanyň pasportlary.

Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Türkmenistanda ýaşaýan goşa raýatlygy bolan adamlar (bipatridler) boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň özara kanagatlanarly çözgüdi tapmaga meýillidiklerini aýan etdi.

"Ria-Nowosti" habarlar gullugy öz maglumatynda Walentina Matwiýenkonyň “bipatridleriň ýagdaýy boýunça biz Türkmenistanyň prezidenti we parlament agzalary bilen uzak wagtlap gürleşdik” diýen sözlerini getirdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak baradaky Ylalaşyk” 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylyp, ol 1995-nji ýylyň 18-nji maýynda güýje giripdi.

Başga pozisiýa

Ylalaşygyň möhleti bäş ýyl bolup, eger-de hiç bir tarap öňünden garşylygyny mälim etmese, ol awtomatiki görnüşde nobatdaky bäş ýyl möhlete uzaldylýardy.

2003-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň we Türkmenistanyň prezidentleri türkmen-rus raýatlygy baradaky ylalaşygy ýatyrmak barada ylalaşyp, degişli Protokola gol goýdular. Bu Protokol türkmen Mejlisi tarapyndan tassyklansa-da, rus Dumasy ony inkär etdi.

Matwiýenko Aşgabadyň 2003-nji ýyldan soň rus raýatlygyny alan türkmenistanlylaryň iki raýatlygyny ykrar etmeýändigi sebäpli, “bipatridler bilen bagly meseleleriň ýüze çykandygyny” aýtdy.

Rus resmisi “biziň bu mesele boýunça başga pozisiýasymyz bar” diýip, öz sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşgabadyň beýanaty

Belläp geçsek, şu ýylyň maýynda resmi Aşgabat türkmen-rus iki raýatlygyny kadalaşdyrýan Ylalaşygyň nobatdaky bäş ýyl möhlete uzaldylmajakdygyny mälim etdi.

Munuň bilen baglylykda Matwiýenko “... [B]iz Türkmenistanyň bu ýa-da beýleki kararlary kabul etmek baradaky özygtyýarly hakyna hormat goýýarys. Emma biziň pikirimizçe, bu möhlete [2015-nji ýyla] çenli rus raýatlygyny alanlaryň hem türkmen pasportyny almaga hukugy bar. Bärde 9,600 adamyň gürrüňi edilýär” diýip tekrarlady.

Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy gürrüňi gidýän iki ýurduň parlamentleriniň “bu meseläniň mümkin ýuridiki çözgütlerini öňümizdäki ýylyň ýanwaryna çenli tapmak” boýunça degişli komitetlere wagt berlendigini hem aýtdy.

Matwiýenko türkmen prezidenti bilen bu mesele boýunça geçirilen gepleşikleriň dowamynda G.Berdimuhamedowyň “mümkinçilikler penjiresiniň entek ýapylmandygyny” aýdandygyny hem mälim etdi.

Waltentina Matwiýenko Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlap geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada sapar etdi.

Türkmen mediasy rus resmisiniň saparynyň dowamynda türkmen-rus goşa raýatlygy bilen bagly meseleleriň maslahat edilip-edilmändigi barada hiç hili maglumat bermedi.

XS
SM
MD
LG