Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Pakistana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti iki günlük resmi sapar bilen Pakistana bardy. Yslamabadyň çakylygy esasynda geçirilýän bu saparyň dowamynda esasy ünsüň türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçiririjiniň proýektine gönükdirilmegine garaşylýar.

16-njy martda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Gurbanguly Berdimuhamedowy Yslamabatda garşylady.

Delegasiýalaryň derejesindäki gepleşiklerden soň geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Nawaz Şarif ýylda 33 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmaga mümkinçilik berjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň taslamasyny “regionyň mega-energiýa hyzmatdaşlyk proýekti’ diýip atlandyrdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, uzynlygy 1814 km bolmaly bu proýekte geçen dekabrda Mary şäherinde badalga berlipdi. Umumy bahasy 10 milliard dollara durjakdygy çaklanylýan bu gazgeçirijiniň çykdajylarynyň 85% töweregini Türmenistan öz üstüne aldy. Proýekte gatnaşýan ýurtlaryň galanlarynyň her biri bolsa gurluşygyň umumy bahasynyň 5%-ne deň çykdajynyň puluny ödärler.

On ýyldan köpräk wagt bäri gürrüňi edilip gelinýän TOPH proýektiniň 2018-nji ýyla çenli gurlup gutarylmagyna garaşylýar.

Russiýanyň türkmen gazyny satyn almagyny doly bes edenden soň, türkmen prezidentiniň Pakistana edýän häzirki saparynyň ähmiýetiniň uludygy aýdylýar. Şol bir wagtda-da geçirijiniň Owganystandan we Pakistandan geçmeli sebitlerindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň proýektiň durmuşa geçip biljekdigine şübheli garaýyşlary hem döredýär.

Metbugat ýygnagynyň dowamynda Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda regiondaky howpsuzlygyň hem maslahat edilendigini mälim etdi.

Pakistanyň premýer-ministri hem “terrorizmiň we ekstremizmiň öňüni almak üçin özara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny” belläp geçdi.

Saparyň ilkinji gününde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça sekiz sany dokumente gol goýuldy.

Pakistana sapar edýän türkmen delegasiýasynyň düzüminde ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow, Ministler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew we maliýe ministri Muhammetguly Muhammedow dagylar hem bar.

XS
SM
MD
LG