Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow nebit pudagynyň resmilerine “berk käýinç” berdi


Prezident G.Beridmuhamedow ýagdaýly “gysga wagtyň içinde düzetmegi” tabşyrsa-da, gürrüňi gidýän kemçilikleriň mazmuny dogrusynda hiç hili jikme-jik maglumat bermedi.
Prezident G.Beridmuhamedow ýagdaýly “gysga wagtyň içinde düzetmegi” tabşyrsa-da, gürrüňi gidýän kemçilikleriň mazmuny dogrusynda hiç hili jikme-jik maglumat bermedi.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň nebit pudagynyň iki sany ýokary derejeli resmisine “berk käýinç” yglan etdi.

Geçen anna güni geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Begjanow Täçdurdy Halymowiçe we Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Alymow Batyr Şyblangulyýewiçe “berk käýinç” yglan edildi.

Prezident G.Beridmuhamedow ýagdaýy “gysga wagtyň içinde düzetmegi” tabşyrsa-da, gürrüňi gidýän kemçilikleriň mazmuny dogrusynda hiç hili jikme-jik maglumat bermedi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, şu ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi ýapylandan soň, onuň düzümindäki edaralarda hem dürli tygşytlaýyş, şol sanda ozalky ministrligiň käbir bölümleriniň ýapylmagy, iş ştatlarynyň we sagatlarynyň kemeldilmegi ýaly çäreler geçirilipdi.

Bu ýagdaýlaryň yzy bilen ýurduň nebit-gaz pudagynyň işgärlerinden aýlyklaryň gijikdirilip, ençeme aýlap berilmeýändigi baradaky maglumatlar hem gowuşyp başlady.

Galyberse-de, “berk käýinç” yglan edilen Alymowyň ýolbaşçylyk edýän Toplumynyň ýag-ýangyçlar üçin niýetlenen ätiýaçlyk çeleginde, ýagny rezerwuarynda şu iýun aýynda partlama bolandygy barada maglumatlar gowuşypdy.

Azatlyk Radiosynyň ýurduň nebit pudagyndaky ýokary derejeli bir çeşmesi bu partlamany tassyklasa-da, resmi türkmen häkimiýetleri muny inkär edip, toplumda “ýangyny söndürmek boýunça planlaşdyrylan türgenleşik çäreleriniň geçirilendigini” öňe sürüpdi.

Galyberse-de prezidentiň 4-nji noýabrda ýurduň nebit pudagynyň degişli resmilerine beren käýinçleriniň ýokarky ýagdaýlar bilen baglanyşynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak başartmady.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanyň girdejisini esasan uglewodorod serişdeleriniň eksporty düzýär. Bilermenler nebitiň we gazyň dünýädäki bahalarynyň gaçmagy bilen, Türkmenistanyň hem girdejileriniň göz-görtele peselendigine ünsi çekýärler.

XS
SM
MD
LG