Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda pagta ýygymy dowam edýär


Ýygymçylaryň aglaba bölegini býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar düzýärler.
Ýygymçylaryň aglaba bölegini býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar düzýärler.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň degişli ýolbaşçylary bilen geçiren nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda esasy üns möwsümleýin oba-hojalyk işleriniň ýagdaýyna gönükdirildi.

Duşenbe güni bolan maslahatda ýurduň beýleki welaýatlarynyň häkimlerinden tapawutlylykda, Daşogzuň häkimi sebitdäki heniz hem dowam edýän pagta ýygym kampaniýasynyň üstünde durup geçdi.

O. Gurbannazarow özüniň ýolbaşçylyk edýän welaýatynda ýygylman galan pagta hasylyny çaltlaşdyrylan depginde harmana tabşyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häkim bu çäreleriň jikme-jikleri dogrusynda anyk maglumat bermese-de, geçen anna güni prezident G. Berdimuhamedowyň pagtany “iň soňky hanasyna çenli” ýygnap almak baradaky tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýurduň beýleki welaýatlarynda pagta hasylyny ýygnamak işleriniň aglaba böleginiň tamamlanandygyna garamazdan, bu günler ýurduň demirgazyk welaýatynyň gowaça meýdanlarynda bilini büküp, pagta ýygyp ýörenlere köpçülikleýin ýagdaýda duş gelse bolýar.

Pagta kampaniýasynyň dowamynda bolşy ýaly, häzir hem Daşogzuň gowaça meýdanlaryndaky ýygymçylaryň aglabasyny regionyň býujet işgärleri düzýärler.

Halkara jemgyýetçiliginiň türkmen hökümetiniň adamlary mejbury pagta meýdanlaryna çekmek tejribesini dowamly ýazgarmagyna garamazdan, häzirki wagtda Daşogzuň tas ähli etraplarynda diýen ýaly üstünde 30-40 ýygymçyny, bir pagta meýdanyndan, beýleki meýdana daşaýan ýük ulaglary görse bolýar diýip, daşoguzdaky habarçymyz Mekan Täşliýew maglumat berdi.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, ýygymçylaryň aglaba bölegini býujet işgärleri, şol sanda mugallymlar we lukmanlar düzýärler.

“Nirede ýygar ýaly pagta galan bolsa, bizi şol ýere eltýärler. Bizi Ruhybelent etrabyndaky gowaça meýdanlaryna äkitdiler” diýip, Daşogzuň Saparmyrat Nyýazow etrabynyň 9-njy mekdebiniň mugallymlarynyň biri gürrüň berdi.

Özüniň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran mugallym, häzir howanyň sowuklygynyň 5-den hem pesde bolan bu günlerinde, açyk meýdanda işlemegiň özlerine has agyr düşýändigini nygtap geçdi.

“Biz işiň arasynda meýdanda ot ýakyp çoýunýarys. Başga alajymyz ýok. Ýa pagta gitmeli ýa-da işiňden...” diýip, daşoguzly mugallym zeýrendi.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, Türkmenistan özüniň 2016-njy ýyl üçin kesgitlän 1 million 50 müň tonna pagta planyny mundan tas bir aý ozal “doly doldurandygyny” buşlapdy. Emma, ondan bäri türkmen prezidenti hökümet maslahatlarynyň dowamynda galan pagta hasylyny ýygnap almak boýunça “haýal-ýagallyga ýol berilýändigini” aýdyp, ýygym kampaniýasyny tankytlapdy.

Pagta ýygymyna ilkinji bolup girişen Daşoguzdaky häzirki güne çenli dowam edip gelýän pagta ýygym kampaniýasynyň ýene näçe dowam etjekdigi barada türkmen emeldarlary hiç hili maglumat bermeýärler.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçylary ýerli häkimiýetlere salgylanyp, Daşoguzdaky pagta ýygym kampaniýasynyň dekabra çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG