Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident azyk üpjünçiligine “seretmegi” tabşyrsa-da, gytçylyk saklanýar


Bazardaky söwdegär
Bazardaky söwdegär

Türkmenistanyň prezidenti ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurtda degişli taýýarlyklary görmegi tabşyrdy. Şeýle-de, munuň bilen baglylykda bazarlaryň we dükanlaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligine seretmegiň-de wajypdygyny belledi.

Bu ädim ýurtda käbir möhüm, şol sanda ýag, şeker ýaly harytlaryň bahalarynyň telim esse gymmatlan ýa asla-da tekjelerden ýitirim bolan döwrüne gabat geldi. Munuň üstesine-de, ýurtda dollaryň resmi söwdasyna girizilen gadagançylykdan we dollaryň “gara bazarynyň” janlanmagyndan soňra ýylyň başyndan bäri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň-da bahalary öňküsinden 2-3 esse artypdy.

Prezident G. Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda “azyk önümleriniň üpjünçiligine seretmegiň wajypdygyny” aýtmak bilen, anyk nämäni göz öňünde tutandygyny aýdyňlaşdyrmady. Munuň netijesinde, gymmatlan we defisite öwrülen harytlaryň ilata elýeter bahadan we bol mukdarda satylyp başlanyp-başlanmajakdygy hem näbelli bolmagyna galýar.

Ýurduň degişli azyk we söwda edaralary hem bu mesele boýunça Azatlyk Radiosyna hiç hili goşmaça maglumat berip bilmediler.

Şol bir wagtda, prezidentiň bu çykyşyndan iki gün geçse-de, ýurduň bazarlaryndaky ýagdaý üýtgewsizligine galýar.

Ýakynda Balkan welaýatynda bolup gaýdan Aşgabadyň ýaşaýjysy Amanmyrat Bugaýew gyt harytlaryň entek hem tapdyrmaýandygyny, bahalaryň peselmän, gaýta galmak bilen bolýandygyny gürrüň berdi.

Bugaýew tekjelerden ýitirim bolan harytlaryň ornuny, has pes hilli, ýagny pagta ýagynyň ýerini arassalanmadyk çigit ýagynyň, unuň hem has pes sortlarynyň tutandygyny; bularyň-da çäkli mukdarda we ýokary bahadan satylýandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary hem sebitde harytlaryň gytçylygy bilen baglylykda hiç hili üýtgeşmeleriň ýokdugyny habar berýärler.

Bu aralykda, prezidentiň Täze ýyl baýramçylyk taýýarlyklary bilen baglylykda eden çykyşy bilen birlikde, türkmenistanlylar azyklaryň gytçylygynyň we gymmatlamagynyň öňden planlaşdyran dabaralara hem täsir ýetirendigini gürrüň berýärler.

Lebaply Akmeňli daýza Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, geçen ýyldan bäri planlaşdyryp gelen “Pygamber ýaş” dabarasyny goýbolsun etmeli bolandygyny aýtdy.

Galyberse-de, mundan öňler bazar resmileriniň söwdagärlere aýlanyp, azyk harytlaryna belli bir nyrh kesýän halatlary hem bolýardy. Emma harytlaryň öňünde bir baha görkezilen bolsa-da, olar has gymmatdan satylýardy. Söwdagärler resmileriň kesgitlän nyrhyndan söwda etseler, özleriniň uly zyýana galýandyklaryny aýdyp, öz hereketlerini düşündirýärdiler.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, döwlet resmileri we mediasy ýurtdaky azyk gytçylygy we bahalaryň artmagy bilen baglylykda hiç hili maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG