Azat Adalganyň bu sanynda "adam gaçakçylygy" adalgasynyň kesgitlemesi özleşdirilýär.
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Wýaçeslaw Beskostogony Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly iň uly problemanyň Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Belarusa bolan 200 million töweregi “bergisiniň” gaýtaryp berilmegi boýunça mesele heniz hem çözülmedi, muňa Stokgolmyň arbitražynda garalýar diýip, “Kompromat Belarus” Telegram kanaly habar berýär.
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň 144-nji Konwensiýasyny, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky Konwensiýany ratifisirledi.
Türkiýede bilim alýan onlarça türkmenistanly student Türkmenistanyň banklaryndan alan Visa bank kartlary arkaly pul nagtlaşdyrmakda özleriniň dürli kynçylyklara duçar bolýandyklaryny aýdyp şikaýat edýärler.
Türkmenistanda “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew prezidente hasabat berdi.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda gender deňliginiň töweregindäki meselelere gönükdirilýär.
Azat Adalganyň bu sanynda "gender deňliginiň" manysy özleşdirilýär.
5-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Türkmenistanda dowam edýän azyk üpjünçiligi bilen bagly problemalaryň fonunda, prezident Berdimuhamedow ýurduň ýokary derejeli söwda resmileriniň arasynda kadrlary çalyşdy.
29-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, russiýaly oligarh Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine belledi.
2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýangyç-energetika pudagyna degişli käbir döwlet edara-kärhanalarynda kadr çalşygyny geçirdi.
2-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklary we beýleki käbir meseleleri maslahat etdi.
Türkmenistanda döwlet edaralary Russiýa göçmek isleýän türkmenistanlylaryň dokument işleri bilen bagly dürli kynçylyklary döredýär. Türkmenistanda Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň Russiýa hemişelik göçüp barmak üçin türkmenistanlylara hödürleýän programmasyna isleg artýar.
Pakistanyň metbugaty Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Pakistandan Hindistana çenli çekilmeli böleginiň barlag işlerinde düýpli kanun bozulmalara ýol berlendigini habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidenitiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeçisiniň ekpert-hünärmeni wezipesine belledi diýip, “Türkmenistan: Altyn Asyr” saýty 29-njy awgustda habar berdi.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň pagta meýdanlaryna mejbury ýygyma çekilip başlandy.
Türkmenistanda girişilýän pagta ýygym möwsüminde häkimiýetleriň raýatlardan, hususan-da býujet işgärlerinden pagta önümçiligine degişli dilden edýän goşmaça talaplary has-da güýçlenýär.
Üstümizdäki aý Aşgabatda geçiriljek Halk Maslahatynyň Ikinji mejlisiniň gün tertibine girizilmegi ahmal meseleler barada mejlise gatnaşyjy bir wekil Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysyna atlandyrylmazlyk şertinde maglumat berdi.
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky (BMG) hemişelik wekiliniň orunbasary Gennadiý Kuzmin 27-nji awgustda Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň Owganystanda güýçlenýändigini aýtdy.
Ýene-de ýükle