9-njy sentýabrda Ženewada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçisi Atageldi Haljanow Türkmenistanyň degişli konwensiýany ratifisirleýändigi baradaky resminamany Halkara Zähmet Guramasynyň baş direktory Gaý Raýdere gowşurdy.
“Ilçi Atageldi Haljanowy Türkmenistanyň HZG-nyň üçtaraplaýyn geňeşmeler baradaky 144-nji Konwensiýasyny tassyklandygy [baradaky resminama] bilen kabul edýändigime hoşal. Arassa zähmetli geljegi bina etmek üçin hökümetleriň, iş üpjünçileriniň we işçileriň arasyndaky geňeşmeler wajypdyr” diýip, Raýder 9-njy sentýabrda özüniň Twitter hasabynda ýazdy.
Ženewada geçirilen duşuşyk we Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň ýene-de bir konwensiýasyny tassyklamagy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýty hem habar berdi.
“Baş direktor G.Raýder soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilendigini belläp geçmek bilen, Türkmenistanyň 144 Konwensiýany ratifisirlän 149-njy ýurt bolandygyny nygtady” diýip, ministrligiň habarynda aýdylýar.
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň oktýabrynda “Durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy boýunça üçtaraplaýyn toparyň döredilmegi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Halkara hukuk toparlary, şol sanda “Hýuman Raýts Wotç” Türkmenistanyň hususan-da pagtaçylyk pudagynda türkmen hökümetiň mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edip gelýär.
Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy alnyp barylýan halkara kampaniýalara gatnaşýan Turkmen.news saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň täze konwensiýa goşulmagy bilen iş ýüzünde ýurtda mejbury zähmetiň soňlanmaýandygyny aýtdy:
“Onuň (Konwensiýanyň – red.) kabul edimegi hiç hili täsir edenok. Ynha, görşümiz ýaly häzir Türkmenistanda pagta ýygym möwsümi başlady. Bu gün sentýabryň 11-i. Ýene-de öňki ýyllarda bolşy ýaly býujet işgärleri pagta çekilýär – mugallymlar, lukmanlar, bank işgärleri, hemme diýen ýaly” diýip, Mätiýew aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň bu ýylky pagta möwsümini ozalky ýyllardan tapawutlandyrýan bir ýagdaý bar:
“Ýöne bu ýylyň aýratynlygy, adamlardan pul talap edilýär. Mysal üçin, mugallymlar hepdäniň arasynda eger pagta gitjek diýseler hem, olara gitmek ýok, tersine olar pul bermeli gaýtam, öz ornuna adam tutular ýaly. Şonuň üçin hiç hili, hiç hili täsiri ýok; [Türkmenistan] Zähmet guramanyň ähli kanunlaryny kabul edäýsin, şonda-da [Türkmenistanda] mejbury zähmet togtamaz” diýip, Mätiýew aýtdy.
Türkmen hökümetiniň wekiliýetleri adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara duşuşyklarda Türkmenistanyň zähmet pudagynda mejbury zähmet dahylly hukuk bozulmalara ýol berilýändigini ret edip, ýurtda kabul edilýän täze kanunçylyk namalaryna salgylanýarlar.
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmetiň inspeksiýasyna degişli 81-nji Konwensiýasyny hem-de Oba hojalyk pudagynda zähmetiň inspeksiýasyna degişli 129-njy konwensiýany heniz ratifisirlemedi.
Guramanyň resmi websatyndaky maglumatlara görä, Türkmenistanyň täze goşulan Konwensiýasy zähmetiň ähli ugurlarynyň halkara zähmet ülňelerine laýyk getirilmegi üçin hökümetleriň, iş üpjünçileriniň hem-de işçileriň üçtaraply geňeşmeleri geçirmeklerine hemaýat berýär.