Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde çykyş edýän habarçy Aşgabatdan iberen maglumatynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizilmegi ahmal käbir meseleler barada habar berýär.
Onuň halk wekiliniň beren maglumatlaryna salgylanyp iberen habarynda mejlisiň gün tertibine şu aşakdaky käbir meseleleri teklip etmek göz öňünde tutulýar:
- Türkmenistanyň orta mekdeplerinde ýokary klas okuwçylaryň okuw kitaplaryny tölegli etmek
- Uzagyndan ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylara berilýän bilimi tölegli görnüşe geçirmek boýunça teklipleri işläp düzmek
- Halkyň mellek ýerlerine we olaryň saklaýan gara mallaryna degişli salgytlaryň möçberini artdyrmak. Bu salgytlara degişli ozal bar bolan ýeňillikleri aradan aýyrmak
- Awtomobil ýollaryna degişli tölegleriň möçberini ýokarlandyrmak
- Käbir döwlet edaralarynyň işini togtatmak. (jikme-jiklik aýdylmaýar)
- Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna okuwa gidýän türkmenistanly raýatlaryň sanyny azaltmak boýunça dürli çäreleri teklip etmek
- Oba hojalyk pudagynda pagtaçy we gallaçy kärendeçileriň ýerlerini ellerinden alyp, olary daýhan hojalyklara bermek
“Şu meseleleri mejlisiň gün tertibine girizmek boýunça maslahat edilýär” diýip, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjy halk wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
“Häzirki wagtda ähli welaýatlardan Halk Maslahatyna gatnaşýan raýatlara ýygnakda geplejek sözleri öwredilip, bir aý çemesi olara taýýarlyk geçýärler. Söz beriljek raýatlaryň her bir sözi ýörite gulluklaryň işgärleriniň gözegçiliginde olara öwredilýär” diýip, anonim şertlerde habarçy bilen gürrüňdeş bolan halk wekili sözüne dowam etdi.
Azatlyk Radiosy Halk Maslahatynyň Ikinji mejlisiniň gün tertibine girizilmegi ahmal meseleleriň jikme-jikligi barada degişli döwlet edaralaryndan goşmaça maglumat alyp, ýa-da bar bolan maglumatlary tassykladyp bilmedi.
Türkmenistanyň prezidentiniň 5-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçiriler.
Iýulyň başynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) maslahata gatnaşdyryljak raýatlaryň saýlawlarynyň üpjünçiligi we guramaçylygy barada habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döreden guramasy bolup, ol öz ygtyýarlyklary boýunça parlamentden hem ýokarda tutuldy.
Synçylar bu guramanyň ýurtdaky şahsyýet kultuny ösdürmek, kanunlardan sowlup geçilmegini üpjün etmek üçin ulanylandygyny aýdýarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, bu organyň ygtyýarlyklaryny kemeldip, ony Ýaşulular Maslahaty derejesine geçirdi.
Emma ol 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda, Ýaşulular Maslahatynyň soňky mejlisinde ozal ýatyran Halk Maslahatyny täzeden dikeltdi we onuň halk tarapyndan saýlanmadyk agzalarynyň teklipleri esasynda garaşsyzlygyň başyndan bäri halka hödürlenen ýeňillikleri ýatyrdy.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň Ilkinji mejlisinde Türkmenistanda ondan ozal halka mugt berlen elektrik energiýasynyň, gazyň we suwuň üpjünçiligi tölegli görnüşe geçirildi.
Şonda mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň hatarynda çykyş eden käbir wekiller Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösendigini aýdyp, prezidente ýeňillikleri ýatyrmagy teklip edipdi.
WIDEO: Halk Maslahaty prezidenti öwmekde çeperçilik görkezdi
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.