Türkmen hökümeti Türkmenistanda gender deňliginiň gazanylmagynyň ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini gaýtalaýar.
Döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdelerinde häzirki wagtda ýurtda zenanlara uly sarpa goýulýandygy, Türkmenistanda aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagy ugrunda aýratyn tagallalaryň edilýändigi gaýtalanýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda: “Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr” diýilýär.
Ýurduň degişli resmileri halkara guramalarda sözleýän sözlerinde, ýa-da ýurt içinde hereket edýän köpçülikleýin habar serişdelerinde gender syýasaty, gender deňligi, erkekleriň we aýallaryň deň hukuklylygy ýaly sözleri gaýtalaýar.
WIDEO: Azat Adalga: Gender deňligi
Türkmenistanda döwletiň berk gözegçiligindäki hökümet goldawly jemgyýetçilik guramalary, şol sanda Türkmenistanyň Zenanlar bileleşigi ýurtda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň dabaralanýandygyny aýdyp, yzly-yzyna jemgyýetçilik çäreleri geçirip durýar.
Ýurduň parlamenti aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygyny kepillendirýän kanunçylyk namalaryny çykaryp durýar.
Ýöne iş ýüzünde nähili? Iş ýüzünde Türkmenistanda aýallaryň hukuklarynyň berjaý edilişiniň ýagdaýy nähili? Aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň mümkinçilikleri nähili? Umuman, Merkezi Aziýa ýurtlarynda gender deňligi boýunça nähili sepgitler aşyldy?
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Türkmenistanda we tutuş Merkezi Aziýada gender deňligi bilen bagly meseleleriň töweregindäki soraglary maslahat etmek üçin söhbetdeşlik gurnaldy. Onuň dowamynda gepleşigimize Kiýewden gatnaşan UzAnalytics.com saýtynyň goşantçysy hem-de aýallaryň hukuklary boýunça aktiwist Sewara Hamidowanyň beren gürrüňlerini, şeýle-de dünýä türkmenleriniň wekillerinden Mähriniň beren interwýusyndan bölekleri siz, diňleýjilerimize eşitdirýäris!