Duşenbe güni prezidentiň geçiren iş maslahatyna ýurduň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy; bu toplumyň düzümindäki käbir döwlet edaralarynda kadr çalşygy geçirildi.
Prezident Ýazmyrat Muhammetmyradowy “işden goýberen düýpli kemçilikleri üçin” Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşatdy. Bu wezipä “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bellenildi. Öz gezeginde Amanow döwlet konsernindäki orunbasarlyk wezipesinden boşadyldy.
Ýatlasak, iýulyň aýagynda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Westport Trading Europe Limited amerikan kompaniýasynyň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemek işlerine, hem-de toplumyň binýadynda täze desgalary gurmak işlerine gatnaşjakdygyny habar berdi.
Türkmen prezidentiniň ýurduň ýangyç-energetika toplumyna degişli iň wajyp desgalaryň birinde geçiren kadr çalşygy, golaýda “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowyň prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň hünärmeni wezipesine bellenilmeginiň yzýanyna gabat gelýär.
Şeýle-de, prezident Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işinden, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä, ýurtda dowam edýän benzin gytçylygynyň fonunda nägile bolýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda möhüm wezipe ynanylan Igor Makarowy 2018-nji ýylyň ýanwarynda Amerikanyň Duşmanlaryna Sanksiýalar Arkaly Garşy Durmak Aktynyň (2017) esasynda düzülen rus oligarhlarynyň sanawyna goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.