Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Kerki we Hojambaz etraplarynda häkimiýetler gara bazardaky walýuta söwdasyna garşy göreşe girişdi.
Soňky günlerde Mary welaýatynyň paýtagtynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sany köpeldi.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Türkmenistany dini azatlyklar boýunça ýene-de “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna goşdy.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Türkmenistanyň prezidenti
Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň jeňçileriniň Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde ornaşyp, Merkezi Aziýa hüjüm etmäge taýýarlyk görýändiklerini aýtdy. Bu barada rus habar gulluklary maglumat berýärler.
Balkan welaýatynyň käbir etrap we obalarynda býujet işgärleri we işsiz ýaşlar şugundyr ýygnamaga çekilýär.
Ahal welaýatynda pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik kärendeçiler prokuraturada soraga çekilýär. Olardan ýerine ýetirip bilmedik pagta plan borçnamasynyň öwezini dolmak talap edilýär.
17-nji dekabrda paýtagt Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek iň uly baýramçylyk çäresine Mary welaýatynyň Sport mekdebinden 150 adam mejbury gatnaşmaly edildi.
13-nji dekabr, anna güni “Transformers” filminiň baş režissýory Maýkl Beýiň (Michael Bay) režissýorlygynda “6 Underground” (“6 Ýerasty”) atly täze çeper film Birleşen Ştatlaryň Netflix saýtynda tomaşaçylara ýetirildi.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda “milli gymmatlyklar” bilen “döwrebaplygyň” arasyndaky gapma-garşylykly meýiller barada gürrüň gozgalýar.
Döwlet telewideniýesinde Aşgabadyň Parahat 7 etrapçasynda çarşenbe güni ulanylmaga berlendigi aýdylýan täze ýaşaýyş jaý toplumlary, aslynda, doly ulanylmaga berilmedi.
Türkmen häkimiýetleri korrupsiýa bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlaryň günäsini geçmezlik kararyna geldi.
30 maddalyk Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edildi.
12-nji dekabrda Türkmenistanda bitaraplyk baýramy bellenip geçilýär. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary baýramçylyk bilen bagly geçirilýän döwlet çärelerine döwlet-edara kärhanalarynyň
5 – 6-njy dekabrda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk (ÝHHG) guramasy Aşgabatda “Zähmet migrasiýasynyň ykdysady bähbitleri: ÝHHG-niň iň gowy tejribeleri” atly seminar geçirdi. Bu barada guramanyň resmi websaýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Juma Orazklyçew “SNG-niň sesi” onlaýn radiosyna beren interwýusynda
Mary welaýatynda döwlet edara-kärhanalaryna häkimligiň Täze ýyl arçasyny 15-nji dekabra çenli bezäp taýýarlamak boýunça buýruk berildi.
10 aýa çeken arakesmeden soň “Türkmenhowaýollary” gullugy Ýewropa Bileleşigine amala aşyrýan uçar gatnawlaryny 7-nji dekabrda täzeden ýola goýdy. Bu barada AFP habar berýär.
Germaniýanyň dpa habar agentliginiň habar bermegine görä, “MAN Group” kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Türkmenistanda korrupsiýa işlerine gatyşmakda aýyplanyp, 9-njy dekabrda Mýunhende sud edilýär.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda türkmen raýatlarynyň saglyk bejergisini almak üçin daşary ýurtlara gitmegi, munuň mümkin bolan sebäpleri we şu temanyň töweregindäki beýleki meseleler barada gürrüň gozgalýar.
Ýene-de ýükle