Döwlet sekretary Maýkl Pompeo (Michael R. Pompeo) 18-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda Birleşen Ştatlaryň dini azatlyklary basgylaýanlara garşy çäre görýändigini mälim etdi.
“Döwlet departamenti ‘dini azatlyklary sistematik görnüşde, yzygiderli, [we] aýylganç basgylamaga’ gatnaşandyklary üçin ýa-da basgylanylmagyna çydamlylyk görkezendikleri üçin Birmany, Hytaýy, Eritreýany, Eýrany, Demirgazyk Koreýany, Pakistany, Saud Arabystanyny, Täjigistany we Türkmenistany 1998-nji ýylyň Halkara din azatlyklary Aktyna laýyklykda “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna täzeden goşýar” diýip, beýanatda aýdylýar.
Türkmenistan mundan ozal 2014, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan dini azatlyklar boýunça “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” sanawyna girizildi.
Ýatlasak, 2019-njy ýylyň aprelinde Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Döwlet departamentine Türkmenistany degişli sanawa täzeden girizmegi teklip edipdi.
“[Türkmenistanda] soňky ýyllarda musulmanlar, protestantlar we Ýegowanyň şaýatlary dini ygtykatlary we amallary sebäpli saklandy, tussag edildi, olara jerime töledildi ýa-da içerki sürgünlige höküm edildi” diýip, ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň hasabatynda aýdyldy.
Konstitusiýa laýyklykda dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň baş kanuny ýurtda dine uýmagyň erkinligini kepillendirýär. Ýöne halkara hukuk toparlary Türkmenistanda din-wyždan azatlygynyň ýiti kemsidilmegini köpýyllyklaryň dowamynda tankytlap gelýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda dini amallary berk berjaý edýän raýatlaryň häkimiýetler tarapyndan yzarlanýandygyny, olara garşy çäre görülýändigini wagtal-wagtal habar berýärler.
Dekabryň başynda Azatlygyň habarçylary Mary welaýatynda aýallara jemgyýetçilik ýerlerinde yslam dinine mahsus başa dakylýan lybasyň gadagan edilendigini habar berdi.
Şeýle-de habarçylar, ýanwaryň başynda Daşoguz we Lebapda namaz okaýan hem-de il içinde dini temalary agzaýan adamlaryň soraga çekilýändigini, polisiýanyň we MHM-niň işgärleriniň ilata aşa dinçilikden saklanmagy maslahat berýändiklerini habar berdi.
Fewral aýynda Azatlyga hat ýazan Hare Krişna dininiň agzalary türkmen häkimiýetlerine öz seslerini eşitdirip, ýurtda öz dinlerine erkin uýmaga ýol açylmagyny soradylar.
Martda Aşgabatda sakgally raýatlara garşy ýurduň güýç edaralarynyň görýän çäreleri barada habarlar peýda boldy.
Sentýabrda Azatlygyň habarçysy Maryda MHM-niň işgärleriniň namaz okap, metjide gatnaýan raýatlaryň arasynda basyş çärelerini güýçlendirendigini habar berdi.
Şu ýylyň maýynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Ýegowa şaýatlary dini akymynyň üç wekiliniň Türkmenistanda ýalňyşlyk bilen türme tussaglygyna höküm edilendigi barada karar çykardy.
ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň soňky hasabatyna görä, 2016-njy ýylda Türkmenistanda “gülençilikde” aýyplanýan 150-den gowrak adam tussag edildi. Hasabata görä, olardan 18 adama ady agzalmaýan terrorçy topara degişli bolmakda günä bildirilip iş kesildi. 2017-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Iş topary 18 adama eden-etdilikli höküm çykarylandygyny aýtdy.
“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň soňky täzelenen sanawyna görä, türkmen türmelerinde daşky dünýäden üzňelikde saklanýan 121 bendiden 32 adam “dini ekstremizmde” aýyplanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.