Bişkekde 9-njy dekabrda graždan aktiwistleri milli gymmatlyklary – edep-ahlagy, medeni diregleri gorap saklamaga çagyryş edip çäre geçirdiler.
Bu çäre Gyrgyzystanyň Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan feminnale (aýallyk sypatlary) sergisiniň geçirilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu sergi gyrgyz jemgyýetinde jedelleriň döremegine getirdi.
Görnüşinden, bu wakalar biri-birinden tapawutly iki garaýşyň çaknyşmagyna getirdi. Sadalaşdyranymyzda, bir tarapda milli gymmatlyklary goldap çykyş edýänler bar, beýleki tarapda döwrebaplygy.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda “milli gymmatlyklar” bilen “döwrebaplygyň” arasyndaky gapma-garşylykly meýiller barada gürrüň gozgalýar.
Bu programmamyzda siziň dykgatyňyza hödürlemek üçin biz türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallydan, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradydan hem-de Norwegiýada ýaşaýan dünýä türkmenleriniň wekillerinden Nazardan bu tema boýunça interwýu aldyk.
Gepleşigimizi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!