Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabr we oktýabr aýlary bilen deňeşdireniňde noýabr we dekabr aýlarynda ýokary wezipeli resmiler bilen has ýygy-ýygydan ýygnak geçirip başlady.
Daşoguz welaýatynyň bazarlarynda soňky bir hepdäniň dowamynda azyk harytlaryň bahalary ýene-de gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysy 17-nji dekabrda habar berdi.
Dünýäniň 450 nokadynda geçirilen barlaglarda Aşgabat 2018-nji ýylda daşary ýurtlular üçin ýer ýüzünde iň gymmat şäher saýlandy.
Türkmen häkimiýetleri Türkiýäniň raýatyna durmuşa çykmaga barýan türkmenistanly bir gyzyň ýoluny baglaýar, oňa Türkmenistandan çykmaga rugsat bermeýär.
• Daşary ýurtlarda ýaşaýan käbir türkmenler ene dilleriniň ýoýulýandygyny aýdýar • Türkmenistanda resmi metbugat bilen halk diliniň arasynda gorp emele geldimi? • Sosial mediada türkmen dilinde çykyş etmek barada edilýän çagyryş • Google Translate türkmen dilinde terjime hyzmatyny hödürlemeýär
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji dekabrda geçiren hökümet maslahatyndan soň, welaýat häkimlerine regional býujetleri doldurmagyň tärlerini tapmak boýunça dilden görkezme berildi.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýaşaýjylar özleriniň bank kartlaryndaky maliýe serişdelerini bankomatlarda nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýär, bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlar döreýär diýip, 12-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de bu pudagyň degişli ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.
Lebap welaýatynda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy barada dekabryň başynda Azatlyk Radiosynda berlen habardan soň, welaýatyň çäginde ýerleşýän etraplarda wagtlaýyn A-95 markaly benzin ilata elýeterli edildi, ýöne bu elýeterlilik uzaga çekmedi.
Daşoguz welaýatynyň iri etraplarynyň birinde unuň döwlet dükanlaryndaky gytçylygy we onuň hususy söwda nokatlaryndaky gymmatçylygy dowam edýär.
Sentýabryň başynda Azatlyk Owganystanyň Şordepe sebitinde ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda 16 ýaşly bir gyzyň 76 ýaşly bir goja durmuşa çykmaga mejbur edilmegi barada wideo habar çap etdi.
“TAPI Pipeline Company Ltd” kompaniýasynyň başlygy Muhammetmyrat Amanow Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň 2019-njy ýylyň 1-nji çärýeginde başlajakdygyny aýtdy.
6-njy dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna sapar edip, Garaşsyz Döwletleriň Akalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sankt Peterburgda geçirilen resmi däl ýygnagyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berýär.
Soňky wagtlarda Türkmenistanda häkimiýetler garaşsyz habar serişdeleriniň Internet sahypalarynda, olaryň sosial media ulgamlarynda teswir galdyryp, öz pikir garaýyşlaryny beýan edýän daşary ýurtlardaky türkmenistanyllaryň ýurt içindäki dogan garyndaşlaryny “gürrüňdeşlige” çagyryp başlady.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji dekabrda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa “ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek” boýunça tabşyryk berdi.
1-nji dekabrda Türkmenistanyň Mejlisi 2019-njy ýyl üçin döwlet býujetini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň 30-njy noýabrda geçirilen Mejlisinde wise premýer Çary Gylyjow Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurduň bazarlaryny ilatyň isleg bildirýän harytlary bilen üpjün edilişi barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky nobatdaky ilçisiniň wezipesine Hugh Philpott bellenildi diýip, britan hökümetiniň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça orunbasarynyň baş kömekçisi Alis Wells (Alice Wells) 29-njy noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Brýusselde beren interwýusynda türkmen-owgan serhediniň howpsuzlygyk şertleriniň kadalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” merkezi gazeti 27-nji noýabrda çykan sanynda türkmen pagtasyndan öndürilen önümleriň Birleşen Ştatlarda satylýandygy barada “buýsanç bilen” habar berýär.
Ýene-de ýükle