10-njy dekabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Berdimuhamedow teleradiogepleşikler ulgamynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri doly ýerine ýetirip bilmeýändigini nygtady.
Berdimuhamedow telewideniýede we radioda “ruhy gymmatlyklaryň” we “halkyň taryhynyň” giňden beýan edilmeýändigini öňe sürdi.
Ol telewideniýede we radioda efire berilýän gepleşikleriň maglumat bermekden başga-da döwletde wajyp hyzmatlary ýerine ýetirýändigini aýdyp, onuň “ilata belli bir derejede täsir etmek işine gönüden-göni gatnaşýandygyny” belledi.
Ol bu bellikleri wideo şekilli iş maslahatyna gatnaşan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewiň dykgatyna ýetirdi.
Prezident döwletiň maliýeleşdirýän radio we telewizion kanallarynyň wagyz işlerine aýratyn ünsi çekip, olaryň maglumat bermek boýunça öz üstüne alýan borçlary barada, hususan-da mediada köpçülige ýetirilýän maglumatlaryň “bitaraplygy we obýektiwligi” hakynda gürrüň gozgamady.
Media boýunça dowam eden belliklerinde Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna bagyşlap, telewideniýede we radioda, onuň öz sözleri bilen aýdylanda, “merdana halkymyzy şöhratlandyrýan gyzykly gepleşikleri taýýarlamagy” tabşyrdy.
Ýatladyp geçsek, türkmen prezidenti ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleýaýlymlarynyň işini mundan ozal hem birnäçe gezek tankyt edipdi.
Ol 12-nji oktýabrda geçiren hökümet mejlisinde döwletiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň ýurtda gazanylandygy aýdylýan sepgitleri, şol sanda galla garaşsyzlygyny wagyz etmekdigini tabşyrdy.
Berdimuhamedowyň bu talabyndan soň türkmen telewideniýesi gazanylandygy aýdylýan “galla garaşsyzlygynyň” waspyny beýan edýän wideo reportažlary ýygjamlaşdyrdy.
Döwlet baştutanynyň “ruhy gymmatlyklar” we “halkyň taryhy” barada türkmen telewideniýesinden eden nobatdaky talabynyň bu temalarda efire berilýän gepleşiklere täsir etmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň döwlet kanallarynda taryh we medeniýet temalary boýunça gepleşikler hususan-da “Miras” kanalynda efire berilýär.
Prezident köpçülikleýin habar serişdeleriniň işine gönükdirýän tankytlarynda esasan olaryň ösüşleri wagyz etmekden ejiz gelýändigini tekrarlaýar.
Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň käbiri Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda we radioýaýlymlarynda “ilatyň hakyky durmuşyny şöhlelendirýän, olary gyzyklandyrýan” gepleşikleriň goýberilmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar adamlaryň esasan türk ýa-da rus telekanallaryna tomaşa etmegi saýlap alýandygyny aýdýarlar.
Ýöne beýleki tarapdan, türkmen häkimiýetleri şäheriň “binagärçilik keşbine zyýan ýetirýändigini” öňe sürüp, Aşgabatda we beýleki käbir şäherlerde daşary ýurt telewideniýesine tomaşa etmäge mümkinçilik döredýän çanak antennalaryna garşy göreş alyp bardy.
Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň pes bahalaryň birini alýar. Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça çap eden soňky ýyllyk hasabatynda 180 ýurduň arasynda Türkmenistany 178-nji orunda ýerleşdirdi. Gurama ýurtdaky metbugat azatlygynyň ýagdaýyny “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirdi.
Muňa garamazdan, 4-nji oktýabrda düýbi Kuala Lumpurda ýerleşýän Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin” diýen sylag bilen sylaglady.