Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysynyň 10-njy dekabrda beren maglumatyna görä, soňky birnäçe günüň dowamynda welaýatyň çäginde ýerleşýän ýangyç guýujy stansiýalarda awtoulag ýangyjynyň beýleki käbir görnüşleri hem ýetmezçilik edýär.
“Lebabyň benzin gytçylygy baradaky habardan soň, etraplarda bir-iki günläp A-95 benzin peýda boldy. Ýöne bu uzak wagtlap dowam etmedi. Eýýäm birnäçe gün bäri A80-de, dizel ýangyjy-da ýetmezçilik edýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Azatlygyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy 3-nji dekabrda beren maglumatynda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda A-95 markaly benziniň ýangyç guýujy stansiýalarda düýbünden tapdyrmaýandygyny, A-80 markaly benziniň bolsa çäkli möçberde satylýandygyny aýdypdy.
Ol Kerki hem-de Çärjew etraplaryna noýabryň aýagynda baranda, ýangyç guýujy stansiýalarda benzin nobatyna garaşýan gür ulag nobatlaryna şaýat bolandygyny, käbir stansiýalaryň bolsa benzin bolmansoň, düýbünden boş durandygyny gürrüň beripdi.
Azatlygyň habarçysy bu gün 10-njy dekabrda beren maglumatynda häzirki wagtda etraplara gündelik 2-3 tonna benziniň berilýändigini mälim etdi.
“Maňa mälim bolşuna görä, her etraba her gün 2-3 tonna benzin satylýar. Adamlar ýene-de nobatlara düzülip başlady. Benzini elden 2.5 manatdan satyn almak mümkin” diýip, ol belledi.
Bu habarlar Türkmenistandan ulag ýangyjyny satyn alýan daşary ýurtlylar barada ýurduň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň hasaba alynmagynyň fonunda bolup geçýär. Geçen hepde “Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar” diýip, 8-nji dekabrda TDH birža täzelikleri barada maglumat berdi.
Bu ýerde dünýäniň iň iri nebit öndüriji ýurtlarynyň biri bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň biznes wekilleriniň Türkmenistandan awtobenzin we dizel ýangyjyny satyn almagy ünsi çekýär.
Noýabryň ortalarynda Azatlygyň paýtagtly habarçysy Aşgabatda taksileriň tölegleriniň aşa gymmatlandygyny habar beripdi. Şonda Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen hökümet resmisi taksi nyrhlarynyň gymmatlamagyny adamlaryň benziniň bahasynyň ýene gymmatlamagyndan howatyr etmegi bilen düşündiripdi.
Şol bir wagtyň özünde, habarçymyzy 14-nji noýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden ýüzlerçe kilometr daşlykda ýerleşýän Goşa obasyndaky stansiýa, Gyzylgaýa, Ýasga şäherçelerindäki ýangyç stansiýalaryna ozal hepdede iki-üç gezek eltilen benziniň indi hepdede ýeke gezege düşürilendigi barada maglumat beripdi.
23-nji oktýabrda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy Aşgabatda ýaşaýjylaryň benziniň gymmatlamagyndan howatyr edip, gijelerine ýangyç guýulýan stansiýalardan ätiýaç üçin benzin satyn alyp başlandygyny habar berdi. Bu ýagdaý ulag sürüjileriniň arasynda dowul döretdi.
Oktýabryň başynda habarçymyz Balkan welaýatyndaky bir resi çeşmä salgylanyp, täze ýyldan benziniň iki esse gymmatlajakdygy barada habar berdi.
"Benziniň bahasynyň iki esse galmagy mümkin. A-95 markaly benziniň bir litriniň bahasy 1.5 manatdan 3 manada ýeter. A-80 markaly benziniň bir litri 1.2 manatdan 2.5 manada çenli gymmatlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan Balkan welaýatyndaky resmi çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy şonda bu maglumaty döwlet edaralaryna resmi taýdan tassykladyp bilmedi.
Mundan ozal, Türkmenistanyň raýatlary täze ýyly döwlet derejesinde girizilýän garaşylmadyk täzelikler bilen garşy alyp görüpdi.