8-nji ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda guruljak täze binalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň döwlet habar agentliginiň (TDH) maglumatyna görä, russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko älem giňişliginden türkmen halkyna we Türkmenistanyň prezidentine Täze ýyl mynasybetli gutlag iberdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, onuň dowamynda ýurduň oba hojalyk pudagyny maslahat etdi. Ýygnaga pudaga gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Täze ýyl baýramçylyklary tamamlandy. Türkmenistanyň käbir regionlarynda ýerli ýaşaýjylaryň aglaba köpçüligi döwlet dükanlaryndan çörek satyn almak üçin, ýa-da bankomatlardan maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmak üçin täzeden nobata durup başlady.
Bu makalada türkmen halysy, halyçylyk senedi, onuň Türkmenistanyň döwlet syýasatyndaky orny barada söhbet açylýar.
Türkmenistanda soňky bir aý bäri Internetiň tizligi peselýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu barada 4-nji ýanwarda habar berdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna başlyklyk edýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji dekabrda türkmen halkyny Täze ýyl bilen gutlady.
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sany Türkmenistanyň Internet giňişliginde döredilýän täze mümkinçilikler bilen bir hatarda onuň örüsini daraltmakda köneden bäri saklanyp galýan däpler, şeýle-de owgan türkmenleriniň sosial media ulgamlaryna çemeleşişi hakyndaky gürrüňlere gönükdirilýär.
Gündogar Türkmenistanda ulag sürüjileriniň ýangyç ýetmezçiliginden kösenýän wagty, Türkmenistanyň döwlet metbugaty Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän ýangyjyň agramly böleginiň eksporta niýetlenendigini habar berýär.
1993-nji ýylda Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň Birleşen Şalygyň şol wagtky premýer-ministri Jon Meýjora (John Major) beren Maksat atly sowgatlyk atynyň Beýik Britaniýa getirilişi barada britan metbugatynda 28-nji dekabrda maglumat çap edildi.
21-nji dekabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty “Türkmenistanda bagtyýarlyk we berkararlyk döwrüniň krizisi” diýen at bilen wideo maglumat çap etdi.
Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň ýolbaşçysy Russiýanyň Goranmak ministrligine 25-nji dekabrda beren maglumatynda Türkmenistan we Özbegistan bilen Russiýanyň arasyndaky harby türgenleşikleriň täzeden dikeldilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda döwlet telewideniýesinde nemes dilinde aýdym aýtdy. Döwlet telewideniýesiniň maglumatlaryna görä, ol bu çykyşyny ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli geçirilen dabarada ýerine ýetirdi.
Türkmenistanda “Biz bärde” atly täze sosial tor işe girizildi. Bu barada “Media Türkmen” maglumat agentliginiň orient.tm saýty 23-nji dekabrda habar berdi
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda temmäki önümleri satuwdan aýryldy, olaryň hususy dükanlardaky bahasy gitdigiçe ýokarlanýar. Bu barada 24-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy gizlinlik şertlerinde maglumat berdi.
“Dünýä Türkmenleriniň” bu günki sanynda Yrakda, Owganystanda we Eýranda ýaşaýan etniki türkmenleriň syýasy işjeňligi barada gürrüň edýäris.
Soňky birnäçe hepde bäri Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Pariže amala aşyrýan uçar gatnawlary ýatyrylýar. Muňa kompaniýanyň Parižiň Şarl de Goll aeroportynyň öňündäki bergileriniň sebäp bolandygy habar berilýär.
Gazagystanly deputat Aýkyn Konurow 19-nji dekabrda gazak parlamentinde eden çykyşynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň häzirki wagtda özünden garaşylan tamalary ödäp bilmeýändigini aýtdy.
Awazada ýerleşýän bir çörek kärhanasynda buhanka her ele ikiden satylýar. Änewde ýerleşýän bir stadionyň öňünde irden sagat 8:00-9:00 aralygynda un satylýar, ýöne ol isleg bildirýän hemmelere ýetmeýär.
Ýene-de ýükle