“Özbegistan we Türkmenistan bilen bilelikdäki türgenleşikler täzeden dikeldi” diýip, Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň komandiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji general-polkownik Ýewgeniý Ustinow sişenbe güni ýurduň Goranmak ministrligine beren maglumatynda aýtdy.
Beýleki tarapdan, türkmen hökümeti Russiýa bilen Türkmenistanyň harby edaralarynyň arasyndaky bilelikdäki harby türgenleşikler barada, olaryň dikeldilendigi ýa-da mundan ozal ýatyrylandygy hakynda hiç hili maglumat bilen çykyş etmedi.
“2018-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen harby hyzmatdaşlyk öňküsinden üç esse ýokarlandy” diýip, Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ustinowyň hasabatynda Russiýanyň gatnaşýan bilelikdäki harby tälim türgenleşikleriniň 2018-nji ýylda geçen ýyla garanyňda 33 prosent artandygy bellenip geçildi.
2018-nji ýylda Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň goşunlary Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň terrorçylyga garşy bilelikdäki “Parahatçylyk missiýasy 2018” atly harby tälim türgenleşigine, şeýle-de GDA agza ýurtlaryň Gyrgyzystanda geçiren bilelikdäki “Anti terror 2018” atly harby tälim türgenleşigine gatnaşdy. Şeýle-de, rus goşunlary 2018-nji ýylda Kollektiw Hyzmatdaşlyk Şertnamasy Guramasyna agza döwletler bilen bilelikde geçirilen tälim türgenleşiklere gatnaşdy.
Türkmenistan bu guramalaryň hatarynda diňe GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar.
Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 3-nji maýynda öňünden yglan edilmedik harby türgenleşik geçirildi. Bu harby tälim-türgenleşige Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem duýdansyz gatnaşypdy.
Resmi metbugatyň habarlaryna görä, bu türgenleşige Türkmenistanyň Howa hüjümlerinden goranyş goşunlarynyň, Guryýer goşunlarynyň, Harby deňiz güýçleriniň hem-de ýöriteleşdirilen maksatlar boýunça toparlaryň düzümleri gatnaşdy.
Ýakyn geçmişde, 2017-nji ýylyň awgust aýynda-da prezident Berdimuhamedow türkmen goşunynyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz barlapdy. Bu harby tälim-türgenleşik prezidentiň nyşana ok atmak, sowuk ýaraga erk etmek ýaly öz harby ussatlyklaryny döwlet telewideniýesinde köpçülige görkezmegi bilen ýatda galypdy.
2017-nji ýylyň mart aýynda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy halkara terrorçylyk, dini ekstremizm hem-de Owganystandan Merkezi Aziýa abanýan howp barada hasabat çap etdi. Hasabatyň awtorlary Türkmenistany we Özbegistany Kollektiw Hyzmatdaşlyk Şertnamasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyryş edipdi.
Harby ekspertler türkmen goşunynyň kuwwatyna şübheli garaýarlar. Global Fire Power merkezi 2018-nji ýyl üçin dünýä ýurtlarynyň goşunlarynyň kuwwaty barada çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanyň armiýasy 139 ýurduň arasynda 80-nji orunda ýerleşdirildi.
Neşiriň maglumatynda türkmen armiýasynyň býujetiniň 200 million dollara barabardygy aýdyldy.
Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň komandiriniň Türkmenistan bilen arada dikeldilendigini aýdýan harby tälim-türgenleşikleriň mundan ozal anyk haçan ýatyrylandygy mälim däl.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynda 1995-nji ýylyň dekabr aýynda bitaraplyk statusyna eýe boldy. Ekspertleriň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň bitaraplyk statusy onuň harby ýaranlyklara goşulmagyna ýol bermeýär.
Rus metbugaty 14-nji noýabrda GDA agza ýurtlaryň serhet gulluklarynyň Serkerdebaşylar geňeşine salgylanyp, türkmen-owgan serhedine alada bildirilýändigini habar berdi. 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu maglumata reaksiýa görkezip, ýörite beýanat ýaýratdy hem-de türkmen serhediniň asudadygyny aýtdy.
21-nji noýabrda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýolbaşçysy Waleriý Semerikow Owganystanyň türkmen we täjik serhetlerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpunyň bardygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.