Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir okana, bir-de dokana: Türkmenistanda halyçylyk senediniň düýni we şu güni


Türkmen halylarynyň üstünde sergilenýän gawun-garpyzlar. Arhiwden alnan surat
Türkmen halylarynyň üstünde sergilenýän gawun-garpyzlar. Arhiwden alnan surat

Bu makalada türkmen halysy, halyçylyk senedi, onuň Türkmenistanyň döwlet syýasatyndaky orny barada söhbet açylýar.

Türkmen halkynyň arasynda halyçylyk senedine ähmiýet berilýär, türkmen halysyna ahalteke bedewleri bilen bir hatarda milli siwmollaryň biri hökmünde baha berilýär.

Türkmenistanyň döwlet syýasatynda türkmen halysy maddy medeniýetiň özboluşly gymmatlygy hökmünde wagyz edilýär.

Türkmenistanyň döwlet nyşanlary bolan döwlet baýdagynda we döwlet gerbinde türkmen halysynyň gölleri bar.

Her ýylyň maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde Türkmenistanda Haly baýramçylygy bellenip geçilýär. Türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, haly baýramyna gabatlap tas her ýyl paýtagt Aşgabatda türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň maslahaty geçirilýär.

Bir okana, bir-de dokana: Türkmenistanda halyçylyk senediniň düýni we şu güni
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:02 0:00

“Haly – türkmeniň şöhratly sahypasy”

Taryhy we medeniýetleri öwrenijiler türkmen halysynyň baý geçmişine ünsi çekýär. “Türkmentelefilm” birleşmesiniň türkmenistanly belli-meşhur folklorçy we magaryfçy Ümür Esen barada surata düşüren jemgyýetçilige açyk dokumental filminde ol türkmen halysy barada, ony dokaýan gelin-gyzlar hakynda şeýle diýýär:

“Serediň, şu haly! Türkmen gyzlary, türkmen gelinleri şu halyny dokaýarlar. Haly dokamak okuw ýaly kyn işiň biri. “Bir okana ber, bir dokana ber!” diýen gep bar. Haly dokamak nähili agyr; ýüpüni taýýarlamaly, bükdürmeli, ýüwürtmeli, çitmeli, gyrmaly, gyradalawyny sazlamaly, garaz, oňarmaly. Haly dokan adamyň elleri egrelýär, billeri bükülýär, gözleri çöňňelýär... “At üsti hyýally, dokma üsti ýelli” diýlen gep bar” diýip, folklorşynas Ümür Esen gürrüň berýär.

Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde türkmen halysynyň halk arasyndaky ir döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan gadyr-gymmatyna ünsi çekýär:

“Haly bu türkmeniň edil aty ýaly, ýene gaýrysy ýaly, türkmeniň özüniň şöhratly sahypasy. Halynyň ir döwrülerde-de gadyr-gymmaty bolupdyr, häzir hem umuman, şeýleleýin seredeniňde [gadyr-gymmaty] bar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmen halysyny ýurtdan çykarmak

Ol döwlet syýasatynda halyçylyk sungatyna belli bir derejede üns berilýändigini, ýöne şol bir wagtyň özünde bu ugurda girizilen gadagançylyklaryň halyçylyk senedini bökdeýändigini belledi:

“Haly sungatyna döwlet derejesinde berilýän üns göräýmäge oňat ýaly, meselem, Aşgabatda Haly muzeýi döredildi ýa-da bolmasa Serdar, Bereket (öňki Gyzylarbat, Gazanjyk) etraplarynda haly fabrikleriniň täze binasy, elbetde bäş-alty ýyl mundan ozal, ulanylmaga berildi. Ýöne şuňa seretmezden, türkmen halysynyň dünýädäki öňki meşhurlygy barha pese gaçýar. Onuň-da düýp sebäbi, halyny ýurduň daşyna satuwa çykarmakda islendik ädimde gadagançylyga duş gelinýär” diýip, Bugaýew belledi.

2017-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenisanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň halyçylyk senagatyny hususylaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Illýustrasiýa suraty: Iki tarapy nagyşly eýran halysy
Illýustrasiýa suraty: Iki tarapy nagyşly eýran halysy

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme halyçy bu senediň soňky ýyllarda ösüşiniň badynyň gowşaýandygyny gürrüň berýärler. Mundan ozal, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy öňki halyçy Bagtygül daýza Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeşlikde Türkmenistanda halyny daşary ýurda çykarmak boýunça girizilen gadagançylygyň halyçylaryň “elini sowadýandygyny” gürrüň beripdi:

“Türkmen halylary daşary ýurda çykarylyp, alnyp, bahasyna gyzyklanylsa gelin-gyzlarymyzda höwes bolardy, haly dokamaga isleg köpelerdi. Daşary ýurda çykarmaga rugsat berenok. Şonuň üçin çykaryp bilenoklar”

Bu söhbetdeşligiň doly görnüşi Azatlyk Radiosynyň efir tolkunlarynda mundan ozal eşitdirilipdi.

Türkmenistanyň prezidenti 2016-njy ýylyň 25-nji martynda “Türkmenistanda öndürilýän ýüňi hem-de elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlemegi kämilleşdirmek hakyndaky” karara gol çekdi.

Bu dokumentiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere Türkmenistanda öndürilýän ýüňi (saryja goýnuň ýazlyk ýüňünden başga) daşary ýurtlara ýerlemäge ygtyýar berýändigi aýdyldy.

Türkmen prezidentiniň gol çeken degişli kararynyň elde dokalan haly we haly önümlerini daşary ýurtlara ýerlenmegini nähili kämilleşdirendigi jemgyýetçilige giňden mälim däl.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, maşynda dokalan halylar Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýär we mukdar taýdan çäklendirilmeýär.

Şeýle-de, Türkmenistanda el halylary we elde dokalan haly önümleri ýerlenende goşulan baha üçin salgyt tölenilmeýär.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi

Türkmenistanda “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hereket edýär. Birleşik özüniň esasy wezipesiniň haly önümçiligi bilen meşgullanmakdan, şeýle-de irki haly önümlerini we olaryň nagyşlaryny täzeden dikeltmekden ybaratdygyny aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň binýadynda 10-a golaý halyçylyk kärhanasy, ýurduň dürli regionlarynda 100-den gowrak halyçylyk bölümleri we sehleri hereket edýär, şeýle-de birleşigiň kärhanalarynda jemi 5 müň töweregi zenan haly dokaýar.

Sowet döwründe türkmen halysy

Sowet döwründe-de Türkmenistanda halçylyk senedine üns berlendigi barada maglumatlar bar. Mysal üçin, “Türkmenfilm” birleşiginiň 1960-njy ýylda Türkmenistan barada düşüren beýleki bir dokumental filminde alyp baryjy rus dilinde türkmen halysynyň gaýtalanmazdygyny, onuň dünýäde “deňiniň-taýynyň ýokdugyny”, türkmen gelin-gyzlarynyň nepis halylary döretmekde çekýän zähmetini agzap geçýär.

1960-njy ýylda "Türkmenfilm" tarapyndan düşürilen dokumental filmde türkmen halysy hakynda gürrüň edilýär

Aşgabatly publisist ýazyjy Sowet döwründe-de türkmen halysynyň döwlet derejesinde wagzynyň edilendigini gürrüň berdi:

[Türkmen halysy] wagyz edilýärdi, hatda türkmen halylary Buhara halylary diýlip, ýurduň daşyna çykarylan halatynda döwlet derejesinde-de gürrüň edilýärdi. Halynyň özüniň originallygy barada öňden gelýän nusgalarynyň saklanmagy [barada gürrüň edilýärdi]. Türkmen halysy bilen Buhara halysynyň, ýa-da eýran halysynyň, Azerbaýjan halysynyň aratapwudy barada, meniň gowy ýadyma düşýär, halyçylyk sungaty boýunça alty-ýedi awtoryň goran ylmy işi bardy” diýip, Bugaýew belledi.

Nagyşlaryň manysy

Türkmen halysynyň ýüzüne çekilýän nagyşlar barada dürli maglumatlar bar. Türkmen Youtube kanalynda jemgyýetçilige açyk görnüşde paýlaşylan wideoda türkmenistanly halyçy zenan ene-mamalaryň sözlerine esaslanyp, halylaryň nagyşlarynda türkmen taryhyndan söz açylýandygyny gürrüň berýär:

“Ene-mamalarymyz aýdardy, “haly diýilýän zat türkmeniň giden bir taryhy” diýerdi. Şunuň her bir zadyna seredeniňde türkmeniň taryhyny şol halynyň ýüzünden okap bolýar diýerdi” diýip, halyçy zenan gürrüň berýär.

Bu maglumaty tassyklaýan faktlar ýok hem bolsa, “Türkmehaly” döwlet birleşiginiň resmi sahypasy türkmen halysynyň geçmişi, ondaky nagyşlaryň käbir manylary hakynda maglumat berýär.

2400 ýyllyk haly

Onda aýdylmagyna görä, türkmen halkynyň gadymy amaly-haşam sungaty hasaplanýan halyçylyk öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar.

“1947-nji ýylda Altaýdaky Pazyryk diýen depede ýerleşen gadymy mazarlykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasy ýüze çykaryldy” diýip, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň maglumatynda aýdylýar.

Onda aýdylmagyna görä, 2400 ýyllyk bu haly häzirki wagtda Sankt-Peterburgdaky Ermitažyň gaznalarynda saklanýar.

Ýewropalylar we oriental haly

Resmi saýt XIII asyrda dünýäniň dürli künjegine syýahat eden wenesiýaly Marko Polonyň türkmen halylary barada aýdandygy öňe sürülýän ýazgylaryna salgylanýar. Dünýä belli syýahatçynyň baryp 13-nji asyrda türkmen halylaryny göz öňünde tutup “bu ýerde dünýädäki iň nepis we ajaýyp halylaryň dokalýandygyny” aýdandygy bellenýär.

Galyberse-de, maglumatda irki döwürlerde Ýewropada türkmen halylarynyň gymmat bahaly zynat hasaplanandygy, irki ýewropaly suratkeşleriň işlerinde türkmen halysyna duş gelinýändigini belleýär. Olara mysal edip, Lippo Meminiň 1350-nji ýylda çeken “Madonna” atly eseri, Nikolo di Buanokorsanyň 1380-nji ýylda çeken “Mariýanyň nikalanyşy” atly eseri, ýa-da bolmasa Lorenzo di Krediniň Pistoýe diýen ýerdäki ybadathananyň diwarynyň ýüzüne çeken suraty görkezilýär. Maglumatda aýdylmagyna görä, “Madonna” we “Mariýanyň nikalanyşy” häzirki wagtda degişlilikde Berliniň galereýasynda we Londonyň milli galereýalarynda sergilenýär.

Elbetde, bu maglumatlary türkmen halysyny milli simwol hökmünde wagyz edýän Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenhaly” birleşigi ýetirýär.

Beýleki tarapdan, aglaba günbatar çeşmeleri “Türkmenhaly” birleşiginiň mysal getiren Lippo Memi, Nikolo di Buanokorsa, ýa-da Lorenzo di Kredi ýaly suratkeşleriniň işlerindäki halylary “oriental haly” atlandyrýar, olarda “türkmen halysy” sözüni ulanmaýar.

Ýewropaly syýahatçylar türkmen halysy barada

XIX asyrda türkmen topragyna syýahat eden wenger dilçi-alymy Armeniý Wamberi ýa-da iňlis žurnalisti Edmond O’Donowan öz galdyran ýazgylarynda-da türkmen halysy barada käbir bellikleri galdyrypdyrlar.

“Haçan-da türkmene köp sanly gyz çaga nesip etse, ol olaryň dokan halylaryndan we ýasan keçelerinden her ýyl ep-esli pul ýygnaýar. Şeýle ýagdaýda öýüň gapdalyndan olara çadyr dikilip berilýär we her halynyň üstünde köplenç üç-dört gyz işleýär. Bu käwagt birnäçe aýa çekýär.

Her gyz durmuşa çykanda bukjasyna salmak üçin iki goşmaça nepis haly dokaýar. Haçan-da bu iş ýerine ýetirilýän wagty, ol gyz Maşadyň we Buharanyň bazarlary üçin önüm öndürýär. Türkmen halylary ol ýerlerde Horasanda ýa-da Amyderýanyň aňyrsynda önüdürilen halylardan has gymmada satylýar” diýip, britaniýaly žurnalist 19-njy asyrda türkmenleriň arasynda ýaşan döwründe ýazan “Merw jülgesi” atly kitabynda ýazýar.

“The Godfather” kinofilmindäki haly

Häzirki döwürde günbatarda döredilýän käbir sungat işlerinde-de türkmen göllerine meňzeş nagyşly halylary görse bolýar. Meselem, birnäçe halkara baýraga mynasyp bolan “The Godfather”, ýagny “Atalyk” atly kinofilmde-de türkmen göllerine meňzeş nagyş çekilen hala duş gelse bolýar. Kinonyň baş gahrymany Wito Korleone (Vito Corleone) bilen Peter Klemenza (Peter Clemenza) özleriniň baş goşan ilkinji jenaýatlarynda kaşaň jaýa ogryn girip, ondaky ýere ýazylan türkmen halysynyň göllerine meňzeş nagyşly halyny ogurlaýar.

Eger nagyşlary içgin synlasaň...

“Eger nagyşlary içgin synlasaň, şolarda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy bilen tanşyp, şol halyny dokanyň haýsy taýpa degişlidigini, onuň haýsy welaýatda ýaşaýandygyny we onuň daş-töweregini gurşap alýan tebigatyň neneňsidigini bilip bolýar” diýip, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň resmi sahypasynda aýdylýar.

Onda türkmen halylary esasan bäş topara bölünýär: 1-nji topar ahal-teke halylary, 2-nji topar teke-pendi halylary, 3-nji topar ýomut, çowdur halylary, dördünji topar beşir, kerki, gyzylaýak halylary we 5-nji topar şekilli we ýüz keşpli halylar atlandyrylýar. Her topar çitim sany, syklygy we nagyşlarynyň görnüşi boýunça tapawutlanýar.

Iki tarapy nagyşly haly. Illýustrasiýa suraty
Iki tarapy nagyşly haly. Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň Haly muzeýi

Aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew häzirki wagtda türkmen halysyny Türkmenistandan daşary ýurda çykarmak üçin zerur bolan şertler barada gürrüň berdi:

“Ozaly bilen şol halyny hökman getirip, Aşgabatdaky Haly muzeýinde ýörite ekspertlere barlatmaly. Şol ekspertler halynyň medeni gymmatlyga girýändigi ýa-da taryhy gymmatlyga degişlidigi ýa-da däldigi hakynda ýörite özüniň netijesini kesýär” diýip, ol aýtdy.

Onuň sözlerinde görä, Haly muzeýinde barlagdan geçen ýagdaýynda-da halyny daşary ýurda alyp çykarmak üçin ummasyz çykdajy edilmeli.

“Halyny alyp gitmäge rugsat edilende-de şony alyp gitmek üçin ummasyz çykdajy gerek. Ozaly bilen şol haly muzeýiniň özünde töleg töleýäň. Ondan soňra aeroporta baranyňdan soň hem oňa gaty uly töleg tölenilýär” diýip, Bugaýew belledi.

Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýi syýahatçylar üçin gelim-gidimli ýer hasaplanýar. Syýahatçylaryň baryp gören ýerleri barada syn, pikir ýa-da teswir galdyrýan saýtlarynyň biri bolan tripadvisor.com saýtynda Aşgabatdaky Haly muzeýi barada 79 adam teswir galdyryp, oňa 5-den 4.5 ýyldyzlyk baha berilýär.

Hatda daşary ýurtly ýokary wezipeli döwlet resmileriniň käbirleri hem Türkmenistana amala aşyrýan resmi saparlarynda Aşgabatdaky Haly muzeýine baryp görýärler.

“Satylmak”

Ýazyjy Hudaýberdi Hally türkmen halysy barada Azatlygyň websaýtynda çap eden hekaýa äheňli blogunda şeýle ýazýar:

Moskwanyň etegindäki Srogino ýaşaýyş toplumynda, ýekelige çydaman, belent jaýlaryň arasynda aýlanyp ýördüm.

Kimdir biriniň eýwanynda serlip goýlan gyzyl hala gözüm düşdi. Aýagym duşaldy, nazarym şol hala baglandy. Birsellem seredip duramsoň, onuň bu çet ýere nädip düşüp biljegini hyýalyma getirjek boldum.

Şol wagt ýel öwüsdimi ýa göwnüme boldumy, haly çalarak silkindi. Ol:

– Men satyldym – diýdi.

XS
SM
MD
LG