Rus we iňlis dillerinde derňew maglumatlaryny taýýarlaýan Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy.
Bu makalada Türkmenistanda aýdym-saz sungaty bilen syýasatyň arasyndaky gatnaşyk barada gürrüň edilýär.
Türkmenistanda öndürilýän nebitiň Russiýanyň Gara deňizde ýerleşýän Noworossiýsk portunyň üsti bilen üstaşyr eksport edilmegi öňümizdäki fewralda täzeden dikeldilýär diýip, Roýters habar berýär. Agentlik maglumatynda ýangyç bazaryndan habarly dört çeşmesine salgylanýar.
Türkmen hökümetine tarapdar habarlary çap edýän orient.tm saýty Birleşen Milletler Guramasynyň “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly soňky hasabatyna salgylanyp, 2018-nji ýylda Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 3.3 prosente deň bolandygyny habar berdi.
Stambuldan Aşgabada ýany bilen sowgatlyk dini mazmunly kitap alyp baran türkmenistanly zenan aeroportda häkimiýetler tarapyndan 24 sagatlap soraga çekildi.
Türkmenistanda häkimiýetler 17-nji ýanwardan başlap, VPN tilsimleriniň işini baglap başlady. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 20-nji ýanwarda habar berdi,
Türkmen häkimiýetleri ätiýaçdaky serkerdeleri baryp noýabr aýynda harby wekilhanalara çagyryp, olary hasaba almak işlerine girişdiler. Bu barada Goranmak ministrligindäki çeşme atlandyrylmazlyk şertinde 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.
Soňky 4 ýylda däp bolşy ýaly, bu ýyl hem türkmenistanlylar 12-nji ýanwarda Hatyra gününi resmi däl görnüşde bellediler. Resmi Aşgabat 2015-nji ýyldan bäri Hatyra gününi 12-nji ýanwarda ýatlamaýar.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän Aziýa kubogyny almak ugrundaky oýunlarda topardan çykyp bilmedi.
Resmi Aşgabat ýetip gelýän güýçli ýel hadysasy barada ýurduň ilatyny media serişdeleri arkaly habarly etmedi.
Bu ýyl Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda şalynyň “Nöküs 2”, “Müňbaşy” we “Alenga” atly ýokary hilli sortlary ekiler diýip, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” portaly habar berýär.
2019-njy ýylyň başyndan başlap, paýtagt Aşgabadyň uly bazarlarynda ýerleşýän dükanlaryň we söwda tekjeleriniň aýlyk kärende tölegleri ýokarlandy.
Aşgabatda täze doglan Rowaç atly taýçanagyň kişňeýän sesi 9-njy ýanwarda “rowaçlygyň subutnamasy” hökmünde Türkmenistanyň döwlet teleradiokanallary arkaly ýurt raýatlaryna eşitdirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Samarkantda geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hindistan” Dialogynda eden çykyşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanda parahatçylygy ýola goýmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.
12-nji ýanwarda Türkiýäniň türk dilinde habarlary çap edýän internet neşiri, timeturk.com, Türkmenistandaky korrupsiýanyň ýagdaýy barada habar çap etdi.
11-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Goçmyrat Myradow ýurduň bank ulgamynda göz öňünde tutulýan käbir özgerişler barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenabat şäherinde “Demirbetonönümleri” zawodynyň gatnaşmagynda gurlup ulanylmaga berlen ýokary amatlykly jaý toplumlaryndan öý alanlar olaryň hilinden hem-de toplumda baş goşulýan ogurlykdan şikaýat edýär.
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sanynda türkmen halk nakyllary we atalar sözi barada söhbet açylýar.
Türkmenistan daşary ýurtly maýadarlar üçin töwekgelçilikli ýurt bolmagynda galýar. Bu barada International Policy Digest neşiri 10-njy ýanwarda makala çap etdi.
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Owadandepede gurulýan, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar agentligi habar berýär.
Ýene-de ýükle