Waka dekabryň aýagynda Aşgabadyň Halkara aeroportunda bolup geçýär. Türkiýede iş rugsatnamasy esasynda resmi ýagdaýda işleýän orta ýaşly lebaply zenan yzda galan dogan-garyndaşlaryny görmek üçin Türkmenistana barýar.
Ýurda aýak basyp, migrasiýa barlagyndan geçenden soň ony uniforma geýnen bir polisiýa işgäri hem-de raýat eşikli iki howpsuzlyk işgäri soraga çagyrýar. Häkimiýetleri esasan lebaply zenanyň ýany bilen sowgatlyk diýip alyp baran gurhan kitaby gyzyklandyrýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Rozubaý waka barada şeýle maglumat berdi:
“Aeroporta baranynda onuň el-goşlary dörülýär. Onuň goşlarynyň içinde dogan garyndaşlary üçin alan sowgatlyk zatlary bar ekeni. Ol Kurany Kerim ýaly iki-üç sany kitap äkidipdir. Aşgabadyň aeroportyna baryp düşeninde şol lebaply zenany 24 sagatlap aeroportda soraga çekip saklapdyrlar” diýip, Rozubaý aýtdy.
Ol soraga çekişligiň alnyp barlyşy we onuň mazmuny barada şeýle gürrüň berdi:
“Soraga çekenleriň ikisi graždan eşikli diýýär, biri polisiýa diýýär. ‘Polisiýadan gelen sorag ýok emma graždan eşigindäki raýatlar gaty erbet sorag üstüne sorag berdiler, hatda gerek bolsa meni moral taýdan-da kemsitmäge synanyşdylar’ diýýär” diýip, Rozubaý wakany başdan geçiren zenanyň sözlerine salgylandy.
Azatlyk Radiosy mundan ozal-da Aşgabadyň aeroportunda soraga çekilýän türkmenistanlylar barada maglumat beripdi. Olaryň ençemesinde häkimiýetler ýanynda dini mazmunly maglumat tapylan raýatlara aýratyn hüşgärlik bilen çemeleşýär.
Nobatdaky soraga çekişlikde-de şeýle bolýar. “Utanaňokmy!?” diýip, kanun goraýjy edaranyň wekilleri ýanyndan gurhan tapylan zenana ýüzlenýär:
“Bu zatlary bärik getirmäge utanaňokmy, özüň bir aýal maşgala! Dini syýasy propaganda ýöretjek bolýaňmy diýen kemsidiji sözler bilen aýalyň üstüne [azgyrylypdyrlar]” diýip, Rozubaý aýtdy.
Şeýle-de, häkimiýetleri soraga çekilýän aýalyň saçynyň hem-de eşiginiň reňki gyzyklandyrýar. Olar onuň saçynyň näme üçin sary däldigi, eşiginiň reňkiniň bolsa näme sebäpden garadygy bilen gyzyklanýar.
“Aeroportda şol aýala berlen soraglarda ‘Seniň näme üçin saçyň sary däl?’, ‘Näme üçin egniňdäki egin-eşigiň gara?’ diýipdirler” diýip, Rozubaý gürrüň berdi.
Onuň maglumatlaryna görä, agzalýan aýal üstüne gara jemper, hem-de dini äheňli däl-de milli däp-dessurlara kybap gelýän başatgyç dakynyp barýar.
Aşgabatly häkimiýetleriň soraga çekilýän aýalyň üstündäki jemperiň gara reňki bilen näme sebäpden gyzyklanandyklary mälim däl.
Kanun goraýjy edaranyň wekilleri soraga çekilýän aýaldan onuň ýanyndan çykan gurhan kitabyny özleri üçin okap bermegini talap edýär. Dindar zenan ýanyndan tapylan kitaby täretsiz okamagy ret edýär. Häkimiýetler bu ýagdaýa-da “çykalga tapýar”:
“ ‘Bizde bärde täret kabul edilenok, oka diýsek okamaly bolarsyň’ diýip, ony [okamaga] mejbur edipdirler” diýip, Rozubaý gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, häkimiýetler aýalyň arap dilinde okan sözlerini we onuň eden terjimesiniň dogrudygyny ýa-da däldigini anyklmak üçin, ertesi güni irden sagat 9:00 töwereklerinde Aşgabadyň metjitleriniň birinden molla tapyp getirýärler. Ol hem aýalyň arap dilinde dogry okap, dogry düşünýändigini tassyklaýar.
Habarçynyň maglumatlaryna görä, ahyrsoňy, lebaply zenanyň aeroportdan çykyp, öýüne gitmegine rugsat berilýär. Ýöne, ol Lebap welaýatynda ýerleşýän öýüne barandan soň hem ýerli howpsuzlyk edarasynyň soraglaryna jogap bermeli bolýar.
Aradan biraz wagt geçip agzalýan zenan yzyna, Türkiýä dolanmak üçin Aşgabadyň aeroportuna barýar. Häkimiýetler onuň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizilendigini aeroportda oňa mälim edýärler.
Bu waka barada Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndan maglumat alyp bilmeýär.