12-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habarlaşan türkmenabatly bir ýaşaýjy täze salnan jaýlar boýunça ýaşaýjylaryň ençemesiniň şikaýatlaryny ýetirdi.
“Türkmendemirbetonömleriň gurduran täze ýokary amatlykly diýilýän jaýlaryň içine goýlan zatlary ogurlap, satmaga başladylar. Bolýan zatlara edaraň başlygy garanok” diýip, türkmenabatly gürrüň berdi.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň binýadynda “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň Türkmenabat “Demirbetonönümleri” zawodlary, şeýle-de “Demirbetonkonstruksiýa” zawodlary bar.
Azatlyk bilen habarlaşan türkmenabatlynyň maglumatynda Türkmenabat şäheriniň “Demirbetonönümleri” zawody barada gürrüň gidýär.
Ol täzelikde ulanylmaga berlen jaýlarda diwarlaryň ýüzüne çekilen “oboýlaryň” saralyp, kafelleriň bolsa gopup başlandygyny gürrüň berdi.
“Prezidentiň açylyş eden kwartiralary “lýuksdy”, häzirkileriň “oboýlary” gopup başlady.” diýip, türkmenabadyň ýaşaýjysy aýtdy.
“Jaý alanlar närazy” diýip, ol sözüne goşdy.
Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasy Azatlyk Radiosynyň agzalýan mesele boýunça eden telefon jaňyna jogap bermedi.
Bu kärhana şäherde amala aşyrylýan iri gurluşyklara gatnaşýar.
Olaryň hatarynda, welaýatyň administratiw merkeziniň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda gurlan täze jaýlar, şeýle-de Türkmenabat şäherinde gurlan köpugurly hassahananyň binýadynda bina edilen ýaşaýyş jaý toplumlary bar.
2018-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmanabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň gatnaşmagynda şäheriň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda bina edilen 4 gatly jaýlaryň dördüsi ulanylmaga berildi.
Şeýle-de, 2018-nji ýylyň başynda Türkmenabadyň köpugurly hassahanasy hem-de onuň binýadyndaky 200 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlary açylyp ulanylmaga berildi. Bu toplumlaryň gurluşygyny “Demirbetonönümleri” kärhanasy serişdeler bilen üpjün etdi. Onuň gurluşyk-gurnama işlerini “Altyn bürgüt” hem-de “Gadymy nagyş” kärhanalary amala aşyrdy. Bu toplumlaryň düýbüni tutmak dabaralaryna 2016-njy ýylyň iýul aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gatnaşypdy.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň gurluşyk pudagyndan habarly çeşmeleri bu pudakda korrupsiýa hadysalaryna ýol berilýändigini nygtaýar, olaryň alyjylara ýerlenmeginde-de bidüzgünçiliklere ýol berilýär.
“Soňky ýyllarda on müňlerçe täze kottej jaýlar guruldy. Köplenç tutuşlygyna täze obalar bina edildi. Ýöne şol gurlan jaýlar köpenç boş galýar. Olaryň bahasy ýerleşýän regionyna baglylykda 400 müň – 800 müň manat aralygynda üýtgeýär” diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy oktýabr aýynda habar berdi.
Ol şonda käbir döwlet edaralarynyň öz işgärlerini täze jaýlardan satyn almaga mejbur edýändigini hem gürrüň beripdi.
“Soňky ýyllarda käbir döwlet edaralary öz işgärlerini şol jaýlardan karzyna satyn almaga mejbur edip başlady. Ýöne karzyna kottej alan ýaşaýjylar soňy bilen aýlyk töleglerini geçirip bilmäni jaýy yzyna tabşyrmaga mejbur bolýarlar” diýip, habarçy belledi.