Mary şäherinde ýerleşýän “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyndaky bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmaga garaşýan adamlaryň uzyn nobatlary dowam edýär.
Türkmenistanyň käbir künjeklerinde pagtaçy kärendeçiler suw we tehnika ýetmezçiliginden kösenýän wagty, hökümetçi neşir türkmen pagtasynyň dünýä bazaryna, şol sanda ABŞ-a eksport edilýändigini aýdýar.
Azat Adalganyň bu sanynda "söz we beýan azatlygynyň" manysyna aralaşylýar. Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasy söz we beýan azatlygyny adam hukugy hökmünde ykrar edýär.
Türkmenistanyň dürli regionlarynda ýerli ýaşaýjylaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary saklanyp galýar.
Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän bölüminde biometriki pasport almak üçin ýüzlerçe raýat nobata ýazylýar; "biometriki pasporty" çykardyp almak prosesiniň wagty Daşoguzda indi 4 aýdan hem aşýar.
Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Jöwüzjan welaýatynda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşýar.
Türkmenistanyň hökümet wagyzçylary Günbatar ýurtlaryny we Birleşen Ştatlaryny Türkmenistana duşmançylyk etmekde aýyplap, bu boýunça halka çagyryş edip başladylar.
Daşary ýurt kompaniýalary üçin Türkmenistanyň biznes şertleriniň ygtybarsyzdygy barada çykýan hasabatlaryň fonunda, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Westport Trading Europe Limited amerikan kompaniýasy Türkmenistana maýa goýýar.
Soňky iki hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ozallar köp sanly media synçylarynyň ýata hasaplan onlaýn giňişliginde hereket we işjeňlik peýda boldy.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda daşary ýurt ykdysatçylary türkmen hökümetiniň iş başarjaňlygyny sorag astyna alýar.
Günsaýyn ösýän we özgerýän global dünýäniň täze şertleri oňa aýakdaşlygy talap edýär. Düýbünden täze şertleri beýan etmek täze sözlere, täze adalgalara ýa-da öň bar bolan köne sözleriň täzeden dolanyşyga girizilmegine zerurlyk döredýär.
Türkmen häkimiýetleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän hususy iş ýerleri, şol sanda käbir dükanlary, kafeleri, restoranlary köpçülikleýin häsiýetde ýapdyrýar.
Eýranyň metbugaty Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän gaz söwdasy bilen bagly halkara kazyýet işiniň birinji tapgyrynyň Eýranyň peýdasyna netijelenendigini habar berýär.
Aşgabadyň käbir ýaşaýjylary döwlete degişli azyk dükanlarynda ilata satylýan unuň hilinden şikaýat edýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda golaýda Türkmenistanda yglan edilen ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş synaglary hem-de türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlardaky ýokary okuw mümkinçlikleri barada gürrüň gozgalýar.
Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde adamlar bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin indi nobata garaşmagy bes etdiler.
Russiýa we Türkmenistan goşa raýatlara türkmen pasportyny bermegiň üstünde işleýär diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa 12-nji iýulda ministrligiň websaýtynda maglumat ýaýratdy.
Birleşen Şalygyň Türkmenistandaky ilçisi ýurt içinde we daşynda işlerini dogruçyllyk we halallyk bilen ýerine ýetirýän türkmen žurnalistlerine goldawyny beýan etdi.
Türkmenistanyň dürli regionlarynda raýatlaryň bank kartlaryndaky pullaryny bankomatlardan nagtlaşdyrmak problemalary saklanyp galýan wagty, köp ýerde töleg terminallary işlemeýär.
Ýene-de ýükle