Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet harmanyna tabşyrylandygy aýdylýan 1 million 650 müň galla hasyly mynasybetli türkmen halkyny gutlady.
Täze barlagyň netijelerine görä, Türkmenistanda häkimiýetler azyndan 133 saýty petikli saklaýar.
Geçen hepde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet-edara kärhanalarynda aýlyklaryň ýokarlandyrylmagy barada permana gol çekenden soň, ýurduň bazarlarynda harytlaryň bahalary ýene-de gymmatlady.
Bu ýyl Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine studentleri okuwa kabul etmek işleri 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly bilen 17-nji awgusty aralygynda guralar.
Şu günler Daşoguz we Mary şäherleriniň bankomatlarynda nagt pul ýetmezçilik edýär. Ýerli ýaşaýjylar bank kartlarynda bar bolan maliýe serişdelerini aňsatlyk bilen nagtlaşdyryp bilmeýär.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň meselelerine gönükdirilýär.
6-njy iýulda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Federika Mogerini (Federica Mogherini) Aşgabada sapar edýär. Saparyň öňýany Human Rights Watch (HRW) guramasy ýokary derejeli diplomaty Türkmenistanda adam hukuklarynyň meselelerini gozgamaga çagyrdy.
Türkmenistanyň pasporty onuň daşary ýurtlara syýahata amatlylygy boýunça dünýä ýurtlarynyň pasportlarynyň arasynda 93-nji orny eýeledi.
Türkmenistanyň paýtagtynda hereket edýän walýutanyň “gara bazarynda” dollaryň bahasy 17 manada düşdi.
1-nji iýulda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň arasynda wagtlaýyn baglaşylan gaz şertnamasynyň möhleti tamamlandy.
Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç şäherinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň käbir işgärleri we şäheriň käbir din wekilleri korrupsiýada aýyplanyp tussag edildi.
29-njy iýunda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bellenildi.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany türkmen-owgan hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň häkimiýetleriniň owgan halkyna, şolaryň hatarynda Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenlere berýän wadalaryna we iş ýüzünde amal edilýän işler baradaky söhbetlere gönükdirilýär.
Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkmenistanyň regionlarynda A95 we A92 markaly benzin gytçylygy döredi diýip, Azatlyk Radiosynyň haabrçysy 27-nji iýunda habar berdi.
Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, ýagny Adalatçysy hukuk goraýjy toparlaryň gozgaýan esasy meselelerini agzamazdan 2018-nji ýyl üçin hasabat çap etdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Terrorçylyga garşy göreş bölüminiň wekiliýeti bilen Aşgabatda duşuşyk geçirip, işsizligiň jemgyýete ýaramaz täsirlerini maslahat etdi.
Demirgazyk Türkmenistanda bir halta sementiň hususy söwdadaky bahasy 100 manada çykyp, ol örän gyt gurluşyk harydyna öwrüldi. Bu ýagdaý köp adamly maşgalalaryň täze jaýlary gurmak mümkinçiliklerine zarba urup, 4-5 gelinli maşgalalaryň bir öýe gabalyp galmaklaryna getirýär.
Germaniýanyň Lufthansa howaýollary kompaniýasy 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan başlap, Aşgabada uçar gatnawlaryny ýatyrýar.
22-nji iýunda Owganystanyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdullah Mohibiň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdy.
Indi Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ýumurtgany we şekeri nobata durmazdan satyn almak mümkin.
Ýene-de ýükle