Çehiýanyň premýer-ministri Petr Neças korrupsiýa, içalyçylyk we, belki-de, jynsy gatnaşyklar bilen bagly turan dawa-jenjeliň neijesinde wezipesinden çekildi.
Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Bilalow özüniň simap serişdesi bilen zäherlenendigini aýdýar.
1959-njy ýylda düýbi tutulan Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy bu ýerde öz nobatyna garaşýan arzalaryň soňky ýyllarda ilkinji gezek azalandygyna şaýat bolýar.
Moskwada şäher häkimiýetlerine bikanun migrantlary saklamak üçin ýardam beriji meýletinçiler toparlary döredildi. Adam hukuklaryny goraýjylar orsýet häkimiýetleriniň bu hereketine aladalanma bildirýärler.
Il arasynda sylanýan doktor Marat Gunaşewiň aýaly Amina Gunaşewa Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine göwnüçökgün ýagdaýda hat ýazandygyny aýdýar.
Gazagystanda hökümete tankydy garaýan iki oppozision hereket bilen onlarça media neşirine ýapylmak howpy abanýar.
Moskwanyň ”Dubrowka” teatrynda zamun alnyp, soňra heläk bolan 130 adamyň garyndaşlary, dost-ýarlary olary hatyralamaga taýýarlyk görýän günlerinde henizem ors häkimiýetleriniň meseläni aýdyňlaşdyrman, onuň bilen baglanşykly maglumatlary yzygiderli ýaşyrmaklary nägilelik döredýär.
Sowet döwründen öň düşürilen filmleriň giň göwrümli kolleksiýasy bir asyrdan soň Orsýete gaýtarylyp berilýär. Orsýetli kino muşdaklary munuň gudratdan kem ýeriniň ýokdugyny aýdýarlar.
Orsýetde işleýän we daşary ýurtlaryň grantlary esasynda maliýeleşdirilýän hökümetden aýry guramalaryň (HAG) öňümizdäki günlerde resmi taýdan “daşary ýurtlaryň agentleri” diýlip atlandyrylmagy ahmal.
Häzir Gürjüstanyň ajaýyp Gonio obasy Türkiýeden we beýleki ýurtlardan ten satmaga gelýän turistler üçin möhüm ýere öwrüldi.
Gyrgyzystanly migrant işçi zenanyň birehimlik bilen ýenjilişini görkezýän wideo ýakynda internet älemine ýaýrady. Wideoýazgylaryň awtorlary özlerini “gyrgyz watançylary” diýip atlandyrýarlar.
Gara deňziň Orsýet we Ukraina ýakalarynda köp sanly öli delfinler tapyldy. Köpsanly ekspertleriň pikiriçe, delfinleriň ölmeginiň esasy sebäbi Gara deňziň hapalanmagy bilen bagly.
Inguşystanyň prezidenti bu respublikanyň ýaşlary durmuş gurmazdan öň, WIÇ infeksiýasyny anyklaýan barlaglardan geçmeli diýip, görkezme berdi.
Ýakynda orsýetli alymlar Sibiriň ýer astyndaky baky doňaklygyndan tapylan we 30 müň ýyldan gowrak wagtlap saklanan tohumy täzeden janlandyryp, gadymy ösümligi ösdürmegi başardylar.
Iwan Antaniuk ozallar, dükana baryp, gerek zatlaryny satyn almagy gaty gowy görerdi. Miwe, gök önüm, et, peýnir, näme aljak bolsa, gurby çatýardy.
Ýakynda muzduna tutulan eneden bolan ekiz gyz bäbekleri gaçaklyk ýoly arkaly Ukrainadan alyp çykjak bolanlarynda, fransiýaly är-aýal ele salyndy.
Ýaponiýa atom krizisinden baş alyp çykmak üçin elinden geleni edýär, Orsýet bolsa ilkinji suwüsti ýadro desgasyny ulanyşa girizmäge taýýarlyk görýär.
Şu ýylyň 1-nji martyndan başlap, Orsýetiň öň ýakasyny tanadan milisiýa güýçleriniň resmi ady üýtgedilýär.
Ultramilletçiler bilen futbol bozgaklarynyň hepdäniň soňunda milletçilik esasynda gurnan bidüzgünçiligi orsýetlileri aňk etdi.
Tankytçylar «Russkiý reportýor» žurnalynda “WikiLeaks”-iň hatlarynyň esasynda diýlip çap edilen makalalary sorag astyna aldylar.
Ýene-de ýükle