Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: "Nesil bölünişigi" duýulýar


Ukrainada talyplar hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen assosasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan dänmegini protest edýärler. 26-nji noýabr, 2013 ý.
Ukrainada talyplar hökümetiň Ýewropa Bileleşigi bilen assosasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan dänmegini protest edýärler. 26-nji noýabr, 2013 ý.
Ukrainada Kiýewiň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak ylalaşygyndan ýüz öwürmegi netijesinde başlanan protestleriň tarapdarlary gitdigiçe köpelýäne meňzeýär. Ýurduň talyplaryna hem bu demonstrasiýalaryň esasy sütüni hökmünde garalýar.

Talyplar prezident Wiktor Ýanukowiçiň Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary gurmak üçin Ýewropadan duýdansyz daşlaşmak syýasatyna garşy protest bildirmek üçin okuwlaryny taşlaýarlar. Bu karar Ýanukowiçiň 29-njy noýabrda Wilnýusda geçiriljek sammitde gol goýmagyna garaşylýan ylalaşykdan sanlyja gün öň yglan edildi.

27-nji noýabrda protestleriň ýedinji güni boldy. Şol gün tutuş ýurtda on müňlerçe talyp deprekleri kakyp, şygarlary gygyryp, Ýanukowiçi pälinden gaýdyp, Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol goýmagyna çagyrdylar.

26-njy noýabrda Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäherinde 30 müň töweregi talyp köçelere çykdy. Bu şäher protestleriň episentrine öwrüldi.

Oba-hojalyk ugrundan bilim alýan 23 ýaşyndaky talyp Boris Poşiwak Lwow şäherindäki protestleriň lideri. Ol şeýle diýýär: "Talyplar özlerini ýewropaly duýýarlar, olar Ukrainanyň Ýewropa maşgalasynyň doly hukukly agzasy bolmagyny isleýärler. Olaryň diňe mertebeli ýaşaslary gelýär".

Demonstrasiýalar garaşsyz Ukrainada ulalan we Sowet Soýuzy barada o diýen ýatlamalary bolmadyk protestçileriň täze neslini orta çykardy. Olar özlerini ýewropaly duýýarlar, adatça bolşy ýaly, olaryň syýasatdan göwni galan we olar oppozision gurluşdan barha daşlaşýarlar.

Nesil bölünişigi

Lwowly taryhçy Ýaroslaw Hritsak bu barada şeýle diýýär: “Häzirki wagt biz Ukrainada nesil bölünişigine şaýat bolýarys. Ukrain ýaşlary italýan, çeh, polýak ýa-da nemes ýaşlaryna meňzeýärler. Olar 50 ýaşyndaky we ondan ýokary ýaşdaky ukrainlere meňzemeýärler. Bu nesil Ýewropa integrasiýasyna güýçli höwes bildirýärler we regional bölünişigi islemeýärler. . Olar “Mämişi rewolýusiýanyň” ýaşdaşy we olar düýbünden üýtgeşik nesil”.

Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäheri.
Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäheri.
Ukrainanyň paýtagtyndaky protestler 2004-nji ýylda bolan “Mämişi rewolýusiýadan” soň iň köp adamly demonstrasiýa diýlip hasaplanylýar. Şol taryhy demonstrasiýalarda Ýanukowiçiň saýlawlardaky ýeňşi galplaşdyrylan diýlip yglan edilip, ol häkimiýetden çetleşdirilipdi.

Täze protestler eýýäm “Ýewromaýdan” diýlip atlandyryldy. Ýöne demonstrantlaryň ählisi Ýewropa integrasiýasy üçin umumy isleg tarapyndan birleşseler-de, olar öz protest geçiriş usullary bilen birek-birekden düýpli tapawutlanýarlar.

Ýaşlar we gartaşan oppozisiýa wekilleri

Bir tarapda - raýat protestlerine gatnaşýan talyplar we aglabasy ýaşlardan ybarat demonstrantlar. Olar öz daş-töweregini syýasy partiýalaryň gurşap almagyny islemeýärler.

Beýleki tarapda bolsa - gartaşan oppozision wekiller. Olar häzirki bolýan protestleri “syýasy” diýip häsiýetlendirip, öz goldaýan partiýalarynyň plakatlaryny we baýdaklaryny galgadýarlar.

Şu wagta çenli oppozision liderler studentleriň eden haýyşyny ret edip gelýärler. Talyplar protestleriň dowamynda partiýanyň simwollaryny ulanmazlygy soraýarlar.

Aşa milletçi “Bütinukrain bileleşiginiň” “Azatlyk partiýasynyň” lideri Oleg Týahnibok Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Bu maketleri bannersiz galgatmak, esasan, ýolbaşçylaryň islegi. Olar adamlaryň höwesini gaçyrmak isleýärler. Banneri bolmadyklaryň syýasy talaplary hem ýok. Ýöne Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmaklyk talaby syýasy talap dälmi?”.

Bölünişigi ylaýta-da Kiýewde has gowy görmek bolýar. Iki protest lageri hem sişenbe güni özleriniň birlikde çykyş edýändigini aýdandygyna garamazdan, olaryň ikisi hem geografiki taýdan aýry-aýrylykdaky mitingleri geçirýärler.

Gije-gündiz dowam edýän protestler

Howanyň temperaturasynyň 0 gradusdan aşakdadygyna garamazdan, talyplar 29-njy noýabrda Wilnýusda geçiriljek sammit tamamlanýança meýdanlarda gurnalan çadyrlardan gije-gündiz aýrylmajakdyklaryna söz berdiler.

Olar çaknyşyklaryň öňüni almak we öz depelerinde hiç hili syýasy bannerleriň galgadylmazlygyny üpjün etmek isleýärler. Muny berjaý etmek üçin studentler öz howpsuzlyk patrullaryny döretdiler.

Meýletinçilerden düzülen Koordinasion komitetler bu parahatçylykly protestleri goldaýanlar tarapyndan haýyr-sogap diýlip berlen ýyly egin-eşikleri, iýgi-içgileri we ýorganlary protest meýdanyndaky protestçilere paýladylar.

Şeýle-de Kiýewdäki Koordinasion komitet beýleki şäherlerden gelen demonstrantlary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegi hem guramalaşdyrýar.

Ukrainada ýaýbaňlanan güýçli sosial medianyň goldawyna daýanýan protestler sosial we ykdysady deňsizlige ýiti garşylygy hem-de ýurtda dowam edýän n syýasata ynamsyzlyk görkezmegi bilen “Okkupirle!”, ýagny “Eýele!” atly halkara derejesindäki meşhur herekete meňzeýär.
XS
SM
MD
LG