Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Anar Mämmädli gaýduwsyz aktiwist


Anar Mämmädli, 2013.
Anar Mämmädli, 2013.

Azerbaýjanly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist we Waslaw Gawel adyndaky Adam hukuklary boýunça 2014-nji ýylyň halkara baýragynyň eýesi Anar Mämmädli Azerbaýjanda adam hukuklarynyň depelenmeginiň güýçlenýändigini yzygiderli aýdyp gelipdi. Mämmädli häzir türme tussaglygynda saklanýar.

Azerbaýjanda türmede oturan adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Anar Mämmädli 29-njy sentýabrda özüne adam hukuklary boýunça Waslaw Gawel adyndaky halkara baýragynyň berilmegine minnetdarlyk bildirdi.

“Anar bu baýragyň diňe özi we öz guramasy bilen çäklenmän, tussaglykdaky ähli adam hukuklaryny goraýjylar üçin ahlak taýdan kuwwat berýän we raýdaşlygy görkezýän güýçdügini aýdýar” diýip, aktiwistiň kakasy Asaf Mämmädow Strasburgda eden çykyşynda aýtdy.

W.Hawel baýragy

Mämmädow Waslaw Gawel adyndaky kitaphana we ”Hartiýa 77” atly fond bilen bilelikde ýyllyk baýragy gowşurýan Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň öňünde çykyş etdi.

Çehiýanyň öňki prezidenti, dramaturg we demokratiýa ugrunda göreşen meşhur syýasatçy Gaweliň adyny göterýän baýragyň gowşurylmagy bilen raýat jemgyýetçiligini goldamak we adam hukuklaryny goramak ugrunda bitirilen ägirt uly işler ykrar edilýär.

Jemgyýetçilik işler

Mämmädli jemgyýetçilik işlerine 19 ýaşynda, 1990-njy ýyllarda, Dünýewi ýaşlaryň ösüş guramasyny döretmek arkaly baş goşupdy.

Ol žurnalist bolup işlän döwründe Saýlawlara gözegçilik we demokratik barlaglary merkezini döredipdi. Saýlawlara gözegçilik boýunça bu garaşsyz gurama, 2001-nji ýyldan bäri saýlawlardaky galplyklar we syýasy sebäplere görä amala aşyrylýan tutha-tutluklar barada köpçülige habar berip gelýär.

Ýurduň içinde meşhur bolan Mämmädliniň yzarlanmagy we soň tussag edilmegi onuň halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşmegine sebäp boldy.

Mämädliniň guramasy 2013-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda köpsanly bidüzgünçilikleri hasaba alansoň, Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan derňew astyna alyndy. Bu saýlawlarda Ylham Alyýew üçünji prezidentlik möhletine saýlanypdy. Ses berişlikdäki kemçilikler Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan hem tankyt edilipdi.

Anar Mämmädli bikanun işewürlik, salgytdan gaçmak we saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirmek maksady bilen resmilere dil ýetirmek ýaly aýyplamalaryň esasynda häzir bäş ýarym ýyllyk türme tussaglygyny başdan geçirýär.

Ol özüne ýöňkelen aýyplamalary ret etdi we muny “bileleşmek, ýygnanyşmak we söz azatlygyny depelemek” diýip atlandyrdy.

Resmileriň adyna tankyt

Mämmädliniň tussag edilmegi halkara derejesinde berk ýazgarylýar, aýratynam bu meselä Azerbaýjanyň Ýewropa Geňeşiniň Ministrler geňeşine häzirki wagtdaky ýolbaşçylygynyň dowamynda köp üns berilýär.

ABŞ, Britaniýa, Ýewropa Bileleşigi we adam hukuklaryny goraýjy ençeme guramalar onuň tussaglykdan boşadylmagyny talap etdiler.

“Amnesty International” Mämmädlini wyždan ýesiri diýip atlandyrdy we onuň tussag edilmeginiň Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň başga pikirdäkileri sem etmek üçin barha güýçlendirýän basyşynda nobatdaky ädimdigini aýtdy.

“Ynanjy gowşatmaz”

“Anar syýasy repressiýalaryň soňky tolkunynyň adam hukuklarynyň dabaralanjagyna özüniň we beýleki aktiwistleriň ynanjyny gowşadyp bilmejegini öz kärdeşlerine we Ýewropa ýetirmek isleýär” diýip, aktiwistiň kakasy Asaf Mämmädow öz çykyşynda aýtdy.

Waslaw Gawel adyndaky baýrak 60 müň ýewro möçberindäki puldan we diplomdan ybarat.

2013-nji ýylda bu baýrak adam hukuklaryny goraýjy belarusly aktiwist Ales Býalatskä berildi.

XS
SM
MD
LG