Soňky döwürde Ukraina sebäpli Günbatar bilen rus prezidenti oňuşmaýanam bolsa, Wladimir Wladimirowiç Putiniň öz ýurdunyň içindäki abraýy barha arşa galýar.
Rus prezidenti Wladimir Putin ýurduň içinde öz abraýynyň galmagyndan diýseň hoşal.
Sosiologlar bu “arşa galýan abraýyň” düýp sebäbi Orsýetiň ukrain meselesi boýunça alyp barýan syýasaty bilen baglydyr diýip düşündirýärler.
Orsýetiň garaşsyz “Lewada” merkeziniň başlygy Lew Gudkow bu mesele boýunça şeýle diýýär: “Ukraina garşy zabun kampaniýa badalga berildi. Häkimiýetler öz çykyşlarynda Ukraina garşy ýowuz daradylar. Olar muny ‘faşizme garşy göreş’ diýip häsiýetlendirdiler. Häkimiýetler öz çykyşlarynda halky milli bütewülige we jebislige çagyrdylar”.
'Täze faşizme’ garşy göreş
Günbatar Orsýetiň Ukrainadaky separatistleri goldamagyna we onuň Krymy kabul ederliksiz ýagdaýda basyp almagyna gazaply darasa-da, Moskwa bu meselede öz alyp barýan işlerini, hamana, ‘Neonasizm, ýagny täze faşizm’ howpuna garşy göreş diýip atlandyrýar.
“Lewada” merkeziniň geçen hepde çap eden pikir-soralyşygynda ors halkynyň ‘83 göterimi älemi haýran edip’, öz prezidentleriniň pozisiýasyny goldaýarlar.
2008-nji ýylda Putin Günorta Osetiýadaky orsýetparaz tolgunyşygy peýdalanyp, Gürjüstana garşy söweş yglan edeninde, ony halkyň 87 göterimi goldapdy.
Orsýet haçan-da harby meseleler boýunça çykgynsyz ýagdaýda galanynda, Putin abraýa eýe bolup başlaýar. Bu ýagdaý indi tötänlik däl. Onuň baştutanlygynda amala aşyrylan üç konfliktiň üçüsinde-de, ýagny Çeçenistan, Gürjüstan we häzirki wagtda Ukrainada bolup geçýän çaknyşyklaryň üçüsinde-de Putin halkyň “milli buýsanç” duýgusyna meçew berip, adamlary öjükdirýär we ‘Günbatar bize düşünenok’ diýen düşünjäni öz halkynyň aňyna ornaşdyrýar.
Ýowuzlyk bilen utgaşýan meşhurlyk
Lew Gudkow: “Haçan-da harby çäreler ýowuz, watansöýüjilikli we söweşjeň ritorika bilen utgaşanda, Putiniň abraýy arşa galýar. Üns berseňiz, halkyň Putine bolan oňyn garaýşy ikinji çeçen söweşinde we Moskwada bolan bomba partlamasynda has-da üýtgäpdi. Soňky iki aýyň dowamynda bolup geçen wakalardan soň halkyň agramly bölegi Putiniň tarapynda”.
Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki pikir soralyşyk agentligi bolan WTSiOM-yň aprel aýynda aýratynlykda geçiren iki sany pikir soraşygynyň netijesine görä, halkyň 82 göterimi Orsýetiň halkara meselelerde has işjeňdigini aýdýar. Mundan alty ýyl ozal geçirilen pikir soralyşykda halkyň 58 göterimi şeýle pikir edýärdi.
Halkyň dörtden bir bölegi ‘Orsýet halkara meselerlerinde örän ähmiýetli rol oýnaýar’ diýýän bolsa, halkyň ýarysy öz ýurdunyň halkara jemgyýetçiliginde ‘ähmiýetli roly bar’ diýýär.
Soňky wagtlarda Orsýete garşy girizilen halkara derejesindäki sanksiýalaryň bu ýurda edýän zyýanly täsiri güýçlenýän hem bolsa, Putiniň Ukraina boýunça alyp barýan syýasaty onuň halk arasyndaky abraýyna şikes ýetirenok.
Geçen güýzde, entek Kiýewdäki krizis başlamanka, Putiniň halk arasyndaky abraýy örän jedellidi.
Lewada merkeziniň 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda ‘Putiniň halk arasyndaky meşhurlygy’ bilen gyzyklanyp geçiren pikir soralyşygynda rus halkynyň ýarpysyndan hem az bölegi oňa pozitiw baha berýärdi.
Hatda fewral aýynda Soçide geçirilen 51 milliard dollarlyk Gyşky olimpiýa oýunlary hem onuň abraýyna bary-ýogy 3-4 göterim täsir edipdi.
Gudkow şonda “Indi ýagdaýy tersine öwrüp bolmaz” diýip, ýalňyş çak edendigini boýun alýar.
Putiniň "ussatlygy"
Elbetde, Kiýewde Ukrain krizisine ýol açan Maýdan protestlerini Putin gurnamady. Ýöne Orsýetde çap edilýän “Wedomosti” gazetiniň habarçysy Maksim Trudolýubow “Putin ýagdaýdan üstünlikli baş alyp çykdy we bu çykgynsyz ýagdaýy öz peýdasyna ulandy” diýýär.
Gündogar Ukrainada ýagdaýlar ýuwaş-ýuwaşdan haos, bulagaýçylyk we gandöküşiklik bilen utgaşyp barýar. Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä, rus prezidenti ot bilen oýun edýär.
Trudolýubowyň aýtmagyna görä, hususan-da Krymyň basylyp alynmagy soňlugy bilen Kremle garşy nägileliklere ýol açar.
Ol bu mesele boýunça şeýle diýýär: “Soňky aýlarda badalga berlen syýasy proses indi gözegçilikden çykdy. Ukraindaky çaknyşyklary hökman gözegçilikde saklap bolar, ýagdaýy buýruk bilen köşeşdirip ýa-da buýruk bilen gyzyşdyryp bolar diýip pikir edýän adam ýok. [Sebäbi ilkibaşdan] bu örän täsirli, ýöne şol bir wagtyň özünde-de aşa töwekgelçilikli göçümdi”.