Çeh ady Robert Rohardzo bolan içaly türme gullugynda psiholog bolup işläpdi. Rohardzo geçen ýyl ýitirim boldy we onuň Orsýetdedigi çak edilýär.
Soňky wagtlar Moskwa öz bähbitlerini gizlin gulluklar arkaly bolmasa-da, biznes arkaly başarjaňlyk bilen Günbatarda ornaşdyryp gelýär.
Özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda turan çaknyşygyň nädip müňlerçe adamyň heläk bolmagyna getirendigi baradaky näbellilik dürli myş-myşlara sebäp bolýar.
Bäş ýyl mundan ozal netijeleri galplaşdyrylan prezidentlik saýlawlarynda Wiktor Ýuşenkonyň ýeňilmegi Ukrainada ýüz müňlerçe adamyň gahar bilen köçelere dökülmegine getirdi.
Ukrainada bazar güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda bäsdeşler ýeňiş üçin gerekli sesleriň köpçüligini birinji aýlawda alyp bilmediler. Şonuň üçinem 7-nji fewralda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.
Moldowada bolan saýlawlaryň ilkinji netijeleri oppozision partiýalaryň öňe saýlananlygyny görkezýär. Oppozisiýa ýurduň taryhynda täze sahypa açmagy wada berýär.
Şu ýylyň aprel aýynda geçiren saýlawlaryndan soň Moldowa Orsýet bilen Ýewropa Birleşigi arasyndaky gapma-garşylyklar meýdanyna öwrülipdi.
ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Moskwa bolan sapary mahalynda gepleşiklerdäki deňagramlylygy saklmak boýunça ukybyny görkezmeli boldy.
ABŞ-niň prezidenti Barak Obama we Russiýaly kärdeşi Dmitriý Medwedew Moskwada iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara täzeden badalga bermek barada wada berdiler.
Barak Obama ABŞ-niň prezidenti hökmünde ilkinji gezek resmi sapar bilen Moskwa bardy. Şol ýerde iki günlük ABŞ-Russiýa sammiti geçirilip, dürli meselelere garalar.
Günbatar ýurtlary geçen ýylky ors-gürjü çaknyşygy sebäpli, Orsýet bilen ýaramazlaşan gatnaşyklary dikeltmäge synanyşýan wagty, ähtimal täze çaknyşyk boýunça howatyrlanmalar artýar.