Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada parlament saýlawlary geçirildi


Kişinewde saýlaw resmileri sesleri sanaýarlar, 30-njy iýul, 2009 ý.
Kişinewde saýlaw resmileri sesleri sanaýarlar, 30-njy iýul, 2009 ý.

Moldowada bolan saýlawlaryň ilkinji netijeleri oppozision partiýalaryň öňe saýlananlygyny görkezýär. Oppozisiýa ýurduň taryhynda täze sahypa açmagy wada berýär.

Synçylar saýlawlarda köp bikanunçylygyň bolanlygyny aýdýarlar, şeýle-de ses berijileriň arasynda geçirilen pikir soralşyk esasyndaky gelnen netijeleriň resmi derejede tassyklanyp-tassyklanmajagynyň entek belli däldigi aýdylýar.

Saýlawlaryň ilkinji netijeleri Kişinewde köpleri geň galdyrdy, oppozisiýanyň birleşen topary 53,9 % ses alyp, 41,7 % netije gazanan Kommunistik partiýadan öňe saýlandy.

Oppozision toparlar Moldowanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy üçin talap edilýän reformalaryň amala aşyrylmagyny isleýärler. Ses berişligiň netijeleri resmi taýdan tassyklanan ýagaýynda oppozisiýa häkimiýet başyndaky koalisiýany döredip, täze hökümeti düzmäge ukyply bolardy.

Kommunister kime daýanýar?

Moldowanyň häkimiýetleriniň tankytçylary, ýurt başynda bolan kommunistleriň Moskwanyň goldawyna daýanýanlygyny we saýlaw kampaniýasynyň gidişinde öz resmi täsirinden peýdalananlygyny aýdýarlar.

Aprel aýynda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijelerine nägilelik hökmünde dörän protestleriň guramaçylarynyň biri Natalia Morari häzirki saýlawlaryň netijelerine örän şatdygyny aýtdy: “Bu örän möhüm. kommunistler prosent taýdan yzda galdy. Bu bolsa, ýurduň özgerişlikleri isleýänligini aňladýar. Üýtgeşliklikleriň boljagyna men hakykatdanam ynanýaryn”.

Aprel aýyndaky saýlawlaryň yz ýany köçelere çykan ýaşlaryň köpüsi kommunistleri ses berişligi galplaşdyrmakda aýyplapdy. Demonstrantlar parlamente we prezidentiň edarasyna hüjüm edip, polisiýa tarapyndan basylyp ýatyrylypdy. Köp adamyň urlup-ýenjilenligi, birnäçe adamyň heläk bolanlygy habar berlipdi.

Şol saýlawlar netijesinde kommunistler parlamentdäki orunlaryň ýarysyna eýe bolan hem bolsalar, Wladimir Woronini saýlamak üçin zerur ses toplap bilmändiler.

Wladmir Woronin oppozisiýanyň wekillerini kommunistleriň tarapynda saýlawlara gatnaşmaga ynandyryp bilmänsoň, parlamenti dargadyp, häzirki saýlawlary yglan etmäge mejbur bolupdy.

Woronin saýlawlaryň ilkinji netijelerini ret etdi


Tankytçylar Woroniniň döreden korrumpirlenen režiminiň häkimiýet başynda galmak ugrunda hereket edýänligini aýdýarlar. Öz nobatynda Wladimir Woronin häzirki saýlawlaryň ilkinji netijelerini ret etdi, oppozisiýa wekilleri bolsa eger saýlawlar açyk we adalatly geçirilen bolsa, özleriniň toplan sesleriniň has-da köp boljagyny aýdýarlar.

Liberal partiýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary Karina Fuzu uly galplyklaryň bolanlygyny we olaryň hususan-da saýlaw sanawlarynyň düzülişine degişlidigini aýtdy: “Ölen adamlaryň atlary köp, şeýle-de raýatlaryň öýlerine nätänyş adamlaryň bikanun baranlygy barada hem şikaýatlar köp. Bu zatlaryň ählisinde Informasion ösüş ministrliginiň eli bar” diýip, Karina Fuzu aýtdy.

Moldowadaky ses berişilige 3 müňden gowrak milli we halkara synçy gözegçilik etdi. Moldowada saýlawlara gözegçilik edýän iň uly topar bolan, Ynsan hukuklaryny goraýjy Halkara Ligasy guramasyndan Ion Kreanga ses berişligiň dowamynda köp bikanunçylygyň bolanlygyny aýtdy, emma ol ses berişligiň netijelerine garşy çykýanlaryň ýokdugyny belledi. Ion Kreanganyň sözlerine görä, adamlar ses berişlige örän aktiw gatnaşdylar, we onuň netijelerine gyzyklanma bildirýärler.
XS
SM
MD
LG